Geliň tanyşalyň?! Pozitiw @Perhat Sabirow bilen...

Ertiriňiz haýyrly bolsun! Bu gün saýtymyzyň iň aktiw agzalarynyň biri, saýta täze howa, üýtgeşiklik alyp gelmäge synanyşýan zähmetkeş agzamyz @Perhat Sabirow bilen wirtual tanyşlyk gurnamaga synanyşarys. Söhbetdeşligi oba dükanynyň srogy geçen harytlaryny reklama edýän "Massimus production" mahabat kärhanasy geçirer. Siz islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz. Taýynmy? Gowy pikirlenip jogap beriň, her bir aýdan sözüňiz soň saýtda özüňize garşy ulanylmagy mümkin.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Gymmatly wagt, megabaýt gidirip saýtda temalar ýazýaňyz, näme üçin?
3. Hökman türkmen aýdymçy zenanyna öýlenmeli bolsa kime öýlenerdiňiz?
4. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
5. Iň halaýan 3 sany filmiňiz? (Şu soragy dagy özümem jogaplasym gelip gitdi).
6. Gullukdan öňki we soňky Perhadigiň arasyndaky 7 tapawudy sanap beriň.
7. Bu sorag biraz şahsyragam bolup biler. Siz öňki saýtlaryň birinde bir gyz bilen araňyzdaky duýgulary aç-açan ýazyşýardyňyz. Bizem Size daşyndan guwanýardyk. Şo gyz häzir Siziň durmuşyňyzda barmy?
8. Siziň pikiriňizçe nämäni bagyşlap bolmaz?
9. "Adam soraşa-soraşa, haýwan ysgaşa-ysgaşa" diýen jümle bar. Şuňa nähili düşünýärsiňiz?
10. "Yşk" näme? "Söýgi" näme?
11. Zehin, ukyp, tutanýerlilik. Haýsyny has möhüm hasaplaýarsyňyz?
12. Türkmeniň atasy Oguz han, taryhyň atasy Geradot, fizikaň atasy Aristotel. Hezreti Isaň atasy kim?
13. @Rigel, @Proliga, @Anil kapur. Indiki gepleşigimizi şu agzalaryň haýsysy bilen gurnamagymyzy isleýärsiňiz?
14. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
15. Goý Siziň janyňyz sag, görjegiňiz gowulyk bolsun. Ata Watanymyza, mähriban saýtymyza gerekli ynsanlaryň biri bolmagyňyzy arzuw edýäris?
16. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!
10 лайков 442 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ssaparay
28 июл 2023, 09:16
Massimusyň özi bilen tanyşlyk tema haçan açylarka?
Perhat Sabirovv
28 июл 2023, 09:27
Ilki bilen sylaglap hormatlap ýörite adyma mowzuk açanyňyz üçin minnetdar sizden Allah razy bolsun.
Geliň onda başardygymdan jogap berip başlaýyn...
1. Adym we Familýam - Perhat Sabyrow. Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Ussalar obasynda 22.12.2002-nji ýylda eneden doguldym Häzirki wagtda Wideo Operator bolup işleýän.
2. Temalar ýazmagym sebäbi köneje agzalarymyz bilýändir bir döwürler Talyplar.com diýip saýt bardy şol saýtda hem mowzuklar açýardym real duşuşuklar, konferensiýalar gurnaýardym, hepdäň jemlerini jemleýärdim gulluga gidip gelsem ýapylypdyr indi islenen hem edil Talyplar ýalyja bolanlygy sebäpli ýazýan.
3. Şeýle zat bolaýsa kemem boljak däl. Firýuza diýerdim pikirlenmänjik:-)
4. Şahsy durmuş şahsylygyna galaýsyn.
5. Поворот не туда, Пила, Aýgytly ädim.
6. 1. Enem atam gadryny bildim.
2. Özbaşdak ýaşamagy öwrendim.
3. Ýakynlary dosty duşmany söýgülini tanadym.
4.Islendik sögünç gep eşidip gaty görmek häsiýetim düýbünden ýitdi.
5. Gazanjyň gadryny bildim, Puly biderek ýere sowmaly däl eken wagtynda 20teňňe hem özüni tanatdy.
Indiki sorag
7. Ýalňyşmasam siz @Sabirowa_M atly agzany aýdýan bolsaňyz gerek. Eger şol gyz bolsa bu gyz indi durmuşymda ýok ýöne kysmat bizi realny durmuşda duşurdy.
8.Ene atasyndan ýüz öwüren perzendi.

Galan zatlary hem boldugyndan jogaplaryn
DonMaxx
28 июл 2023, 09:27
Toy hacan ?
Soho
28 июл 2023, 09:58
Şo talyplaryň arhiwini nähili okamaly:dy, aydyp göyberseňiz!?
Massimus
Автор 28 июл 2023, 10:02
ssaparay,
1 ýyllar dagy mundan öň @FanB agza açypdy.
Massimus
Автор 28 июл 2023, 10:06
Perhat Sabirovv,
Поворот не туда, Пила, Aýgytly ädim.

Hanym Granger halaýan kinolary arkaly adamyň häsiýetini bilip bolýarmyka?
noname
28 июл 2023, 11:22
22.12.2002 owan cislo...doglan guniñ meñki bilen gabat gelyan eken. Şol gün iñ uzak gije bolmaly.. göni 22.12 meñkem
Gerceknazar
28 июл 2023, 13:19
Soho, google translate programmasyny ýükläp almaly ýa-da translate.google.com saýta girmeli. Şol ýerde "Сайт" diýip ýazylan ýere girip , talyplar.com ýazyp gözledip giräýmeli.
Pakize
28 июл 2023, 13:33
Gulluk oglanlary gowy tarapa ozgertya tuweleme jogaplarnyza. Kan zadyn gadyrna yetipsiniz.
Perhat Sabirovv
28 июл 2023, 15:26
9. Pikirimçe soraşa soraşa ýada ysgaşa ysgaşa bolsa özüne ýakyn duýýan ynsanyň ýada jandaryň hal ýagdaý soramagy diýip bilýän menä.
10. Yşk - islendik bir adamy misli däli diwana kimin söýmekmikä diýýän.
Söýgi hem - iki jübüdiň biri birini görmese ýada gürleşmeseler şonsuz hiç ýaşaýyş ýokdugyny we bütin dünýä gözüne dar görünmegi...
11. Hemmesi hem öz ýerinde gerek. Menä zehinmikä diýýän
12.Dogrusy bilemok, bilseňiz özüňiz aýdaýyň...
13. Haýsysy bilen geçirmegi makul bilýäňiz?! Men islendik birini saýlasam beýleki hem näme üçin meni saýlamadyka diýer.
14. Hemmämize hem maşgala abadançylygyny dileýän.
15.Sag boluň
16. Başardygymdan jogap bererin.
Massimus
Автор 28 июл 2023, 15:42
Perhat Sabirovv,
Jogaplaryňyz üçin minnetdar!
Harmony
28 июл 2023, 18:14
Massimus
Perhat Sabirovv,
Поворот не туда, Пила, Aýgytly ädim.

Hanym Granger halaýan kinolary arkaly adamyň häsiýetini bilip bolýarmyka?

Tipa/Primerno: hawarak.

Şo soraga/jogaba üns berenimi bilen ýaly. :)
Massimus
Автор 28 июл 2023, 22:58
Granger,
2 užas bilen 1 retro film saýlapdyr. @Perhadigiň häsiýeti nähili diýip bolar?
Harmony
28 июл 2023, 23:58
Massimus
Granger,
2 užas bilen 1 retro film saýlapdyr. @Perhadigiň häsiýeti nähili diýip bolar?

2 ужаса здесь темная сторона человека, например, садизм... или слабая сторона - страх..

Aýgytly ädim, meselem, национальность, история, романтизм, azajyk drama we ş.m.

Has gowy bolardy, haçanda - näme üçin imenno şo kinolar? Haýsy personaž we onuň haýsy hereketi imenno şo kinony "lýubimi kino" spisegine goşmaga mejbur etdi? Näme üçin imenno şo hereket? - ýalyrak soraglar bolsa... :)

Ps: şoň ters ýüzem bolup bilýä "häsiýetde". :)
Massimus
Автор 29 июл 2023, 03:29
Granger,
Sag boluň!
SypaýyS
30 июл 2023, 14:04
Perhat Sabirovv
12 soragyn jogaby su bolmaly
Bir shagyzynyn Ärsiz perzendi bolyar.Muny bolsa adamlar nemeçilik edip caga dogdy diyyarler.Aslynda ol Huday tarapyn HIC HILI erkeksiz dogulyar.Sol dogulan caga bolsa Hezreti Isa bolyar.
Telewizordan esitdim.
Massimus jogabym nadogry bolsa ozun ayday
Massimus
Автор 30 июл 2023, 15:42
Sypayy,
Jogabyňyz dogry. Emma Hezreti Isa (a.s.) ejesi Merýem şa gyzy däl öýdýän
ýüreksözi
30 июл 2023, 20:48
Massimus,
Yok yok sagyzy dal olam oban garyp gyzy ozem oran asylly akylly edepli gyz aslynda Isa pygamber Hudayyn ogly diyilyan bolmaly oba halky arsiz gyzdan caga bolanda ony erbetlikde hapalykda ayyplal daslapdyrlar sonda kimdigi yadyma dusenok menem bir yerden esdipdim bir adam kimin yekejede gunasi yok bolsa das zynsyn diyse her kim dasyny taslap gidipdir seydibem o gyz Isa pygamberi dunya inderen bolmaly
Venus
19 авг 2023, 15:28
Gowja, hemişelik saýt bolsa. Şular ýaly agzalar bilen tanyşmagy realda gurnap, you tubdada kanal açylsa has gowy bolardy.