Döwrüň Meselesi


Pikirleriň ummanynda gulaçlap,
Käte-käte agyr oýa batylýar.
Bize ak süýt beren ejeleň ady
Nämüçindir sögünçlerde tutulýar.

«Emma, welin, ýöne, bilen, hem…» ýaly
baglaýjy sözleri bir heňe jemläp.
Iki sany ýigit gelýär köçeden,
Iki söznüň biri ejeň-ejeňläp.

Paýyş söz içine sygan enäniň
Hany keramaty, hany hormaty?!
«Eje» diýseň, göýä söýüljek ýaly
Gaýtam sögünçlerde ykjam ornady.

Beýle sögünçleriň ýaýbaňlanmagy,
Döwrümizde iň derwaýys mesele.
Bu ýagdaýyň almasak biz öňüni
Dowam eder ol nesilden-nesile.

Geliň, dostlar, bu gözgyny ýagdaýa
Jemlenişip guralyň biz böwedi.
Göz öňüňe gelip dursun enäniň
Ak süýdi, ekläni hem-de öwüdi…

Baky AMANÝAZOW
1 лайков 78 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
backsp
06 авг 2023, 01:43
ozunem sowuneňokmy name
backsp
06 авг 2023, 01:43
ozunem sowuneňokmy name
Dowsypat
06 авг 2023, 10:25
Gep eja baryp yeten bolsa onda gahar gyzyl cyzykdan gecendigini.Beyle adama hic zat dushundirip bilmeyan gahary yatysmayanca.
Dowsypat
06 авг 2023, 10:26
Gep eja baryp yeten bolsa onda gahar gyzyl cyzykdan gecendigi.Beyle adama hic zat dushundirip bilmeyan gahary yatysmayanca.