DÖWRÜŇ MESELESI...
Pikirleriň ummanynda gulaçlap,
Käte-käte agyr oýa batylýar,
Bize ak süýt beren ejeleň ady, Nämüçindir, söwünçlerde tutulýar.
"Emma, welin, ýöne, bilen, hem..."ýaly, Baglaýjy sözleri bir ýere jemläp,
Iki sany ýigit gelýär köçeden,
Iki sözüň biri ejeň-ejeňläp...
Paýyş söz içine sygan enäniň,
Hany keramaty, hany hormaty?
"Eje" diýseň, göýä, söýüljek ýaly, Gaýtam, söwünçlerde ykjam ornady.
Beýle sögünçleriň ýaýbaňlanmagy, Döwrümizde iň derwaýys mesele,
Bu ýagdaýyň almasak, biz öňüni, Dowam eder, ol nesilden nesile.
Geliň, dostlar, bu gözgyny ýagdaýa, Jemlenişip, guralyň biz böwedi, Gözöňüňe gelip dursun enäniň,
Ak süýdi, ekläni hem-de öwüdi...
Baky AMANÝAZOW

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.