Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň
Könelen ýüzüniň perdesin çekip,
Döwür diýilýän zat üýtgeýär, bilýän.
Yöne " täze dünýäň " pidasy edip,
Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň!
Dünýäde her derde müň sany em bar,
Emma derman barmy mähri deý enäň?
Näçe ynjytsaňam ýaş dilär, emma
Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň!
Hawa, wagt geçipdir, bolupsyň ata,
Ýaşlyk edeniňe indi düşünýäň.
Ýatlamada däl-de ol heniz barka
Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň!
Ýogsam bir gün öpüp bir tümmek gumy, Mazaryň daşyna degirip kelläň,
Ökünç, gözýaş bilen aýdarsyň şuny:
"Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň!"
Maksat Seýitliýew
Döwür diýilýän zat üýtgeýär, bilýän.
Yöne " täze dünýäň " pidasy edip,
Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň!
Dünýäde her derde müň sany em bar,
Emma derman barmy mähri deý enäň?
Näçe ynjytsaňam ýaş dilär, emma
Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň!
Hawa, wagt geçipdir, bolupsyň ata,
Ýaşlyk edeniňe indi düşünýäň.
Ýatlamada däl-de ol heniz barka
Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň!
Ýogsam bir gün öpüp bir tümmek gumy, Mazaryň daşyna degirip kelläň,
Ökünç, gözýaş bilen aýdarsyň şuny:
"Hiç haçan enäniň göwnüne degmäň!"
Maksat Seýitliýew
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.