KINE

Gijäň gözi gussa bilen gamaşdy,
Umyt ýok säheriň şatlyk bererne.
Agtaranym,​
düýşlerimde azaşdyň,
Kine galdy ýorgudymyň deregne.

(Eger söýgä oýun diýip düşünseň,
Irde giçde ýeňiş bolýar aýralyk)
Bagyşlara bir azajyk üşügmiz,
Awara deý gezip ýörkä,
aýňalyp,
Sämän pikir bilen özün aklaýar.
Buýr-bulaşyk düýş göräýseň,​
unutma,
Mendirin şol,
Hergiz seni ýatlaýan,
Sensizlik derdiniň melhemi saýyp.
Aý ýüzüne perde çeken bulutlar,
Gijäň gussasyna kölgesin çaýyp,
Unutjak zatlarmy ýadyma salýar.

Seni bagyşlara sebäp gözleýän,
Tapyljagy gümanama ýakynka,
Hem gijäni oýarmaga dözmeýän,
Senli düýşli hyýallarym ýatyrka.

...Gowy arzuwlarňy, ýitirmän sakla,
Teselli bor,​
birgün dünýeden irseň,
Hem tutaryk gözläp özüňi akla,
Eger men şu gije düýşüňe girsem.

Allanur Çaryýew.
4 лайков 142 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bentner
17 фев 2022, 10:28
Like+++
Маргоша сана тазе агзамыка дийсем гечен йыл томусдан бари бар экенина:))
Margarita
Автор 17 фев 2022, 10:32
Bendtner, hawa, men diňe mowzuk okap, çykyp gidýädim. :)
Bentner
17 фев 2022, 10:40
Цитата: Margarita
Bendtner, hawa, men diňe mowzuk okap, çykyp gidýädim. :)

Prisaydinyaytes k nam eaeae
Bentner
17 фев 2022, 10:41
Margosha ;))