Çynym, seni gussaň bilen haladym...
Çynym, seni gussaň bilen haladym
Hetdim ýokdur geçmişiňi dörmäge,
Göwün küýsegimi ýaksada pelek.
Gözleň ummanynda gark boldy dünýä,
Sen meň bu sözlerme diýmäwer telek.
Ha-na günbatarda görüşiň ýaly,
Şapak ýakyp barýar asman etegin.
Şo pursat duýgulam terk edip meni
Gidipdi Weneraň alyp petegin.
Sen bolsa şo mahal gözleriň bilen,
Deşäýjek bolýansyň şapagyň göwsün.
Ýapraklar deý seýreklese gülkülem
Yşkyna büreýär apalap meni
Güýzdäki möwsüm.
Ýöne seni täze gussa dözäýse,
Men güýz bilen oňuşmajak ýalydym.
Emma ýekeje söz aýdaýyn saňa
Çynym,
Seni gussaň bilen haladym.
Sadap Muhamowa
Hetdim ýokdur geçmişiňi dörmäge,
Göwün küýsegimi ýaksada pelek.
Gözleň ummanynda gark boldy dünýä,
Sen meň bu sözlerme diýmäwer telek.
Ha-na günbatarda görüşiň ýaly,
Şapak ýakyp barýar asman etegin.
Şo pursat duýgulam terk edip meni
Gidipdi Weneraň alyp petegin.
Sen bolsa şo mahal gözleriň bilen,
Deşäýjek bolýansyň şapagyň göwsün.
Ýapraklar deý seýreklese gülkülem
Yşkyna büreýär apalap meni
Güýzdäki möwsüm.
Ýöne seni täze gussa dözäýse,
Men güýz bilen oňuşmajak ýalydym.
Emma ýekeje söz aýdaýyn saňa
Çynym,
Seni gussaň bilen haladym.
Sadap Muhamowa
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.