Köçe gürrüňi...

Adaty içgysgynç gün. Ahyryn iş wagtam gutardy. Bu gün @Khanture habarlaşaly diýip blog açypdyr (ýörite meň adyma, şeýtseler gaty begenýän, işdede hondanbärsi ýöreýän, başlyk bilen dagam dogumlyrak gürleşýän şo gün, iň soňam "käýinç" alyp öňki-öňki bolýan). Okan badyma nomeriňi ugradaý imoda habarlaşaýaly diýdim (başganyň sözi ýa-da şoň ýaly ýerlerini goşa dyrnaga alyp okaýarsyňyzda, bolmasa her gezek ýazmaga ýaltanýan). Kommendimi @Khanture okamanka blog pozulypdyr öýdýän jogap gelmedi welin (Şoň üçin meň temalamyň birine nomeriňi ýaz, belläýin).
Garaz şol bloguň pozulanyna gaharlanyp işden öýe gelýärkäm bir zenan maşgala maňa laýk goýanyny gördüm. Minnetdarlyk bildirmek üçin maşyny sakladym.
-Boýagça baryp, ondanam Görogly stansiýa ýarym sagada eltseň agzyňa syganyny berýän (Görgüli howlukmaç bolmaly, ýogsam dagy zenan maşgala agzyňa syganyny berjek diýse gelşiksizrägem birhili. Men şuňa çaga wagtymam düşünemokdym, häzirem düşünemok. Agzyňa syganyny aýt, ýa-da kinolarda boş çek berip şuňa geregiňi ýazda alaý diýýälerä. Meselem şo boş çege million, milliard, trillion dollar diýip ýazsa berip biljekmikä. Özümä bilýän iň uly sanymy ýazardym. Ine arzuwyňa ýetdiň. Dile dilegiňi).
-Bolýa.
Kliendimi alyp (mundan beýläk klient) iň soňky gazda ugradym bellenilen ýere.
-Ýolda durup oturma (dilimiz üýtgeşigaý durup, oturma) salon töleýän özüm (Eýýäm baha düşdi gördüňizmi, ýaňyja boş çek berjekdi, indi dört adamyň puly). Türkmenistanyň howasyny dagy, ýaşar ýaly däl, bir aý boldy gelenime, ýene bir aý ýaşasam göni ölýän bärde (Ölmänkäň gidewer dogan, maşynda bir öläýmä).
-Nireden geldiňiz?
-Ankaradan, ýaşaýyş şo taýda eken, 2 ýyl boldy gidenime.
-O taýda işleýäňizmi?
-Nä güne serrelip ýatandyr öýdýäňmi, işlemeseň nan ýok o taýda, günde azyndan 12 sagat işlemeli, işem agyr, bärdäki ýaly hülli-hülliňe zat ýok o taýda (Allajan, hülli-hüllisi nämekä muň, türk sözümikä ýa, perewodyny bilýäňmi Mahym?). Özüm-ä bir garra seredýän. Çagalary Germaniýada ýaşaýar. Her aýda pul ugradýarlar. Senem beýdip ýörenden gitmelilä şo ýere (Eý waý, meni kemsidip ugrady indi).
-Nädip ýörenden???????
-Haçan bir klient münüp bir manat bererkä diýip ýörenden.
-Aý menä işden gaýdyşyn bir sellem.....
-Näme bir sellem, sen entek ýaş, şu wagt edeniň, edeniň, soň garransoň etjek diýseňem edip bilmeýäň. Türke gitmeli hemme.
-Ýaňyja işi kyn, zat diýip zeýrenip otyrdyňyz.
-Howwa işi kyn ýatyryba berenoklar saňa, uzakly gün haýdadýalar.
-Özümiňem arzuwym bar, Moskwany, Kremli bir gezegem bolsa görmek.
-Goýsana şo kesilmedikleri (kellesi kesilmişleri diýjek boldy öýdýän), türk nämede bolsa özüňki, öz türküň (özüňki, öz türküň, kelle bulaşdy, ertir irden ýygnak diýdimi, Neýmaram araplara barypdyr, saýtda @ssaparaýy göz öňüne getiripdir biri, ak aýylar ýer ýüzünden ýitip barýamyşyn, näme etmeli kömegiňiz gerek, aýdaýözüňi täzeden diňlemeli boldy).
Soň gürleşmedik, aýdymyň sesini gatyrak goýdum, kelle durlansyn diýip.
Diýlen wagtda, diýlen ýere geldik.
-Sag bol ýetişdirdiň, näme bermeli?
-Million dollar.
-Hühühü, degişgen ekeniňaý, näme bermeli?
-1 million dollar.
-Paka şuny al, şulam az däl.
-Başarmasaň diýmeli dällä dogan, menä Sizi getirip baýaryn öýdüp ýördüm.
-Baý degişgen ekeniň türke baryp güldür-güldürde oýnamaly sen (ýene türkdä muňky, güldür-güldüriň bilen seň).
Muny düşürip gaýtjak wagtym bir adam geldi ýanyma.
-Taksimi?
-Aý howwarak.
-Şähere baryp, biraz garaşyp bir zat alyp ýene yza gaýtmaly, puluň gürrüňi ýok. (Buda şeý diýýärä, äý senem ýaňkydan gowy bolasyň ýok).
-Bolýa.
Boş maşyn, öňüne mündi (yzyna geçip ýatyp gitsede bolýady welin), ýanymda otyr.
Gelýärkäk telefonyna Гулмырат diýen abonentden jaň geldi (oň telefonyna seredip, soň maşynyňa seretdirmeli bolaýma, ýoluňa seret diýýäňmi, aýal dogan, ýokla ýöne ýanymda oturansoň, ullakan telefonda gaty sesli jaň gelensoň, gözüm düşäýdi, bu hiçle, gyzyklysy öňde, ýazan sobşeniýelerinem aýdyp berjek, garaş entek). Gelen jaňy öçürip sms ýazyp ugrady (Klawiaturaň tarkyldysy ýene ünsümi özüne çekdi).
Klient: "ugratdym, häzir barýan".
Gulmyrat: "menem öýde geliber".
K: "göresim gelip gitdi seni".
G: "menem".
Ýakyn dost öýdýän bular.
K: "ýarym sagatdan yzyma gaýtmaly".
G: "wiý akylym, şeýle basymmy?"
K: "howwa janym, seni ýöne göresim geldi, GULIÇKAM".
Eý-waý dogan, bu näme boldugy? biriniň şahsy zadyna burnuňy soksaň, şondan gowy bormy, ýöne bu adam, Gulmyrat (eljiredilen ady Guliçka) ikisi, toba-toba.
"Hova geldi oba, kamaz geldi toba" diýip öňkülerem bilmän aýtmandyr. Dadyma öýdäki ýetişäýdi. Geleňokmy diýip jaň etdi. Aý howa gowy bolansoň biraz kireýjik edeýin diýip ýördüm diýdim. Ata babaň nä kireý edipmi, nesip edeni bolar 10 minutdan öýde bol diýip sögünip trubkany goýdy. Şeýdip munam düşürip gaçdym öýe.
-Dogrudanam bu bir keselmikä ýa mesligiň etdirýän zadymyka?
-Nämäni soraýaň gardaşym?
-Stokgolm sindromy diýýänlaý, keselmikä ýa Гулмырат diýilýäni aslynda başga adammyka?
10 лайков 342 просмотров
21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
bahryalniz prenses
18 авг 2023, 01:58
isden son oturup sular yali zat yazmana elin degyan bolsa mlds
DonMaxx
18 авг 2023, 02:20
menem gyzlan adyna oglanlan adyny yazyp goyyan ))
Massimus
Автор 18 авг 2023, 04:06
yalniz prenses,
Dogrusyny aýtsam muny 3-4 gün dagy iş edindim. Şu gün taýyn bolupdy, gijem bolsa okarsyň diýip goýupdym
Massimus
Автор 18 авг 2023, 04:07
DonMaxx,
Seňkide-de Gulmyrat diýip durmy:)
OrazMuhammet Aşyrow
18 авг 2023, 08:12
Hakyt ýylgyrtmagy başartdy, şeýle satiriki hekaýalar aladalaryňdan biraz ünsiňi özüne çekip bilýärdä.. @Massimus agam ýetirip duryň.
bahryalniz prenses
18 авг 2023, 08:46
hova gijem bolsa okadym
Nazar
18 авг 2023, 13:22
??? Her gezek girenime degya bloglara hokman yzyma ýylgyryp çykýan :)
205161
18 авг 2023, 16:54
Menem basym soyyan gyzym bn dususmaly welin kontaktdaky nomerleri pozmasam ol men namami pozjagy belli dal. Pozsamam ol nomerleri yatdan bilemok. Menem oglan adyna owreyinle gowy cykalga:))
Pegas
18 авг 2023, 17:47
:))))))
ýüreksözi
18 авг 2023, 18:42
Hehehe inni saytdaky gelinler soygilsi bar gyzlar bir birden jan edip gorerler oglan ady yazylgylara?
ýüreksözi
18 авг 2023, 18:42
Sag bolun paylasannyza gyzykly hekaya?
Nazar
18 авг 2023, 22:22
"Гулмырат " ??
Nazar
18 авг 2023, 22:24
Kesel+meslik=azgynlyk bolmagy mumkin
DonMaxx
18 авг 2023, 22:43
Massimus
DonMaxx,
Seňkide-de Gulmyrat diýip durmy:)

Myrat ussa , merdan gullukdas...
DonMaxx
18 авг 2023, 22:44
Massimus
DonMaxx,
Seňkide-de Gulmyrat diýip durmy:)

Myrat ussa , merdan gullukdas...
DonMaxx
18 авг 2023, 22:44
Massimus
DonMaxx,
Seňkide-de Gulmyrat diýip durmy:)

Myrat ussa , merdan gullukdas...
Perman Izakow
18 авг 2023, 23:27
Gaty gowy.?
Venus
19 авг 2023, 13:27
Gülüp hezil etdim. Minnetdar ýetirenňize)
Senyorita.
07 сен 2023, 22:55
Salam, Maksat aga. Häläm siziň barlygyňyz! Hezil edip güldüm. Uzak ýaşaň! Ýazyp, ýetirip, begendirip duruň!
Massimus
Автор 10 сен 2023, 08:34
senyorita.,
Sag boluň doganym, soňky döwür kän görneňzokla
Senyorita.
10 сен 2023, 10:41
Massimus,
Ilki bilen-ä mgbt ýetmezçiligi, mgbt-ym bar wagty wagtymyň ýetmezçiligi we saýtdaky mümkinçiliklerimiň çäklendirilmegi sebäpli azrak saýtdan daşlaşdym. Soň bolsa saýtyň salgysy üýtgände nä-äçe wagtdan soň tapdym saýty. Indi bolsa täzeden öwrenişip başladym öz-ä)
Senyorita.
10 сен 2023, 10:46
Massimus,
Meň görünmezligim hiç-le)) Siz bir ýitip gidäýmäň saýtdan. Birden men saýta gelip bilmesem, 2-3 ýyldan soň bolsa-da sizi, mowzuklaryňyzy gözlärin. :)
Abat
21 окт 2023, 23:32
Bu eserňizi okadym, hemde 2-3 gezek)) Size duşsam: "zehiniňize telpek goýanymy" aýdaryn diýýädim. Hökman?
Massimus
Автор 21 окт 2023, 23:58
Abat,
Köp sag boluň!