Menem bir içimi dökeýin...
Ýalñyzlyk. Dört tarapy ýalñyzlyk bilen gurşalan ada men.
Pulsuz, görksüz adamyñ içki dünýäsi, zeýrençleri size o diýenem gyzykly däldir welin onda-da az-da kän-de çak edýänsiñiz meniñem duýgularym bar. Şonuñ ýaly adamlarda duýgy bolmasa bolanokmyka diýseñizläñ. Wah, şol bolmaly däldi-dä. Ony geçdim doly maşgala-da berilmändir şol duýgy diýlen zadam bermän goýber-dä hä. (Munym birhili bolaýdy öýdýän.)
Soñky bir ýyl bäri men men däl. Sen kim diýseñiz ony özümem bilemok. Ýüzleý, ýöntem, ýeñilkelle ynsanlardan kän parhymam bolmady öýdýän. Ýalñyzlykdan halas boljak bolup ruhyma düýpgöter ters kişiler bilen dostlaşdym. Boş lakgyldaşmalarda wagtymy öldürdim. Hakykata göz ýetirmän gezen bolsam boljakdy welin oña-da göz ýetirdim.
Indem ýene şol gözüñe söweýin ýalñyzlyk. Ruhy boşluk.
Depressiýa. Mundan artyk näme aýdaýyn.
Size diñe ýekeje soragym bar:
Adam ýalñyzlykdan nädip halas bolmaly?

89комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.