Çyrasy ölümtik ýanýan jaý

Göz öňüne getiriň. Siziň öýüňize uzak bolmadyk ýerde çola ýer bar. Bu çola ýeriň
içinde bar bolan jaýyň çyrasy gijesine ýanýar. Gündizine siz bu jaýa üns
bermeýärsiňiz. Emma gijelerene daş çykyp ýyldyzlara seýil edýän wagtyňyzda bu
jaýyň ölümtik ýanýan çyrasyna gözüňiz düşüp sizde şu pikir döreýär:
- Bu jaýda kim barka?
Emma soraga jogap ýok. Soraga jogap tapmak üçin çyrasy ölümtik ýanýan jaýa
ýakyn barmaly. Onuň aýnasyndan seredip bu jaýda kimleriň bardygyny
anykmlamaly! Siz bolsa iki göwünli. Bir görseň gidip anyklasyň gelýär we
ýene bir görseň ýaltalykdanmy ýada başga bir sebäpdenmi şol jaýa tarap
ýönelmäniň ornuna öz jaýyňyza ugyr alyp, çola ýerdäki jaýy ýatdan çykarýarsyňyz.
Bu ýagadaý birnäçe aý dowam edýär we siz indi özüňiziň bu ýagdaýyňyzdan
bizar bolup çyrasy ölümtik ýanaýan bu jaýa tarap ýönelýärsiňiz.
Assajykdan baryp gijäniň garaňkysyna duwlanyp, özüňiziň bu ýerde bardygyňyzy
bildirmejek bolup, jaýyň aýnasyndan seredip onuň içinde kimleriň bardygyny anyklaýarsyňyz.
Hiç hili üýütgeşik zat ýok. Birnäçe adam bar. Olar saňa nätanyş. Özleri bilen
gümra adamlar. Saňa garaşanoklar. Olar başgalarada garaşanoklar. Bu ýagdaý
olaryň özlerini alyp baryşyndan belli. Bir topar biperwaý adamlar. Özara
gülüşýärler. Özara gepleşýärler. Sen bolsa bu ýerde kim barka diýip geldiň.
Entek olary görmänkäň bu jaý seniň üçin gyzyklydy emma gelip bu jaýda
seni gyzyklandyrar ýaly zadyň ýokdygyny gördüň. Lapykeç halda yza dolanýarsyň.
Wagt geçýär. Bu ýere gelip lapykeç bolanyň ýadyňdan çykýar we bir-iki aý geçip
ýene şöl öňki ýagdaýyňa dolanýarsyň.
Ýene şol çyrasy ölümtik ýanyp duran jaý. Sende ýene täze duýgylar. Bu jaýda kimler
bar. Olar näme iş bilen meşgullanýarlar.
Sen ýene ýolda. Ýene şol hadysa.
Sen aýnadan seredip dursyň. Ol ýerdäki adamlar şol öňkileri ýaly özara
gülüşýärler.Olaryň gülkileri seniň üçin gyzykly däl ýaly. Sen ýene lapykeç
halda yza dolanmak isleýärsiň. Emma bir güýç seni saklaýar. Jaýa girýärsiň.
Bu ýerdäki adamlar saňa seredýärler. Emma olar biparh adamlar. Sen olara
salam diýýärsiň. Olar seniň bilen salamlaşýarlar. Emma barybir olar biparh
adamlar.Olar özara gowy. Emma seniň bilen däl. Onsoň sen ýene lapykeç halda yza
dolanýarsyň.
Bu ýagdaý şol birmeňzeş bolup gaýtalanyp dur.
Indi bolsa bu ýazanymyň manysy näme? Bu meniň islenen.ru saýty bilen başdan
geçirýän ýagdaýym.Çyrasy ölümtik ýanýan jaý islenen.ru saýty. Onuň içindäki
adamlar bolsa siz. Hoş wagtyňyz!


4 лайков 281 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
bahryalniz prenses
18 авг 2023, 21:16
dusunmedimlai birhili
#B.S
18 авг 2023, 21:23
yalniz prenses,
Oňçün filosopiýa, felsepe, melsepe, paýhasa söýgi, hikmetizm, absurdizm we ş.m samsunk ugyrlardan birzatlar okan bolmaly... Seň häli bäri düşünjek temaň däl :)
OrazMuhammet Aşyrow
18 авг 2023, 21:45
Kiçiräk wagtymyz obamyzda bir köne jaý bardy ol boziň öýden görnüp durardy, agşam ara jyn bolýamyş diýse seredip gorkuşyp ýörerdik edil şol döwürleri ýatlady bu hekaýa. Indi hekaýa baradaky we "çyrasy ölümtik ýanýan jaý" barada pikrimi aýdyp geçsem. Hekaýa erbet däl manysyda geň göründi içki pikirleriňi gowy meňzedip bilipsiň "Çyrasy ölümtik jaý" barada aýtsam, ýok bu oňa meňzeş däl umuman men bu saýty bir zada meňzetmek barada pikir edip görmän ekenim emma men olar ýaly göz öňüme getirmedik bolardym. Bu saýt ýönekeý seýil gäh göwün açar mesgen isle kitaphana diýseňem bolar. Seň meňzetmäň bilen seretsem ýok ol jaýyň içindäki adamlar özleri bilen özleri däl saňa şeýle duýlandyr. Sen oýlaýan zadyňy düşündim. Saňa gyzykly görünýändir bu zatlar, ýok eýle däl. Şahsy durmuşyň gyzykly bolsa girip oturma bu saýta meňa şahsy durmuşym turşap ýatyr şoňa girip güýmenýän...
Pakize
18 авг 2023, 22:00
Her zat okatdynyzay. Nebir saytymyzy nama menzedip otyrsyn. Olumtik cyraly jayda arwah ya jyn bardyr öýdip otursam biz bar ekeniga
#B.S
18 авг 2023, 22:10
Men aytsam bu sayt barada bu sayt men ikinji oyum. Has dogrusy willam. Agzalaram hyzmatkarlerim. Elbetde ylalashmajagnyzy bilyan. Zato shu saytda ozumi milliardier yaly duyyan. :)
#B.S
18 авг 2023, 22:16
Pakize,
Nama menzedende name. Herkimin oz dunyasi bar. Bul agzany men kop yzarlayan. Kopculige goshulyp gidenini goremok. Yagny shu blogda namani yazan bolsa sholar yaly adam shol... Gozlerem sholar yaly gorya.... Herkim dunyani herdurli gorya. Sen garany gara rende gorseň, men şony ak yada yashyl renkde goryan...
Jelal
18 авг 2023, 22:52
Kelleagyryk dusundim name diyjek bolyanyna
Pakize
18 авг 2023, 22:58
Khanture,
Ylalaşyan dogry aytyanyz.
Ayralyk_Official
18 авг 2023, 23:09
Khanture,
Hhahaha hawa sensiz bolmaza bu saýt!:)
205161
19 авг 2023, 01:22
Khanture
Men aytsam bu sayt barada bu sayt men ikinji oyum. Has dogrusy willam. Agzalaram hyzmatkarlerim. Elbetde ylalashmajagnyzy bilyan. Zato shu saytda ozumi milliardier yaly duyyan. :)

?
Seni çüýredip, energiýaňy alan energiýa wampiri ýok indi bu ýerde, aslynda "biz hemme zady görýäris".
#B.S
19 авг 2023, 01:33
205161,
????‍♂️ Eto koşmar. Užas. ??
Belki
19 авг 2023, 05:47
Mrokasyñ aýdanyna goşulýan. Gyzykly şahsy durmuşym bolmany üçin gelýän menem bu ýere.
Suleyman
19 авг 2023, 19:13
'Çyrasy öçügsi' diýen sözi bilýän, 'çyrasy ölümtik' niräň şiwesikä?!
Dowrann
19 авг 2023, 22:15
Khanture,
ozleri giren bolup yormi inni
Balary
31 дек 2023, 18:12
aslynda mende de bolýa şuýagdaý. ýöne bilmedik bolan bolmaly bolýada. realda da şeýle. oba ölümtik çyraly jaýa meňzeşdir. ýöne hözüň açyp gpren ýerleňden gitmäge hiç tarapdan güýjiňem ýokdur, goldawyňam.