Arzuwlar.

Arzuwlar.

Bu göwnümiñ arzuwlary,
Beýik daglañ depesinde.
Oña tarap ylgaý-ylgaý,
Dynyp barýa nepesim-de.
Dag gerşine çykabilmän,
Aýaklam diýdi:"Bes indi".
Nepesim nepese ýetmän,
Diýdi:"Umydyñ kes indi".
Bu nalyşa dözebilmän,
Umydym yza tesende,
Ynamyñ ýagty çyrasy,
Şöhle saçmasyn kesende,
Umydyñ gollarna berip,
Alawlap ýanýan kesindi,
Men ýene-de ýola düşýän...
Gözel baglañ kölgesinde,
Heý,karar yapmazmy göwün,
Beýik daglañ jülgesinde.
Eý,meniñ arzuwçyl göwnüm,
Dogmadygña düşün ahyr,
Jadygöýleñ külbesinde.

Gyzylgül Annagylyjowa.
8 лайков 184 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
08 июн 2022, 15:55
Göwnüňe düşündirip bolaýsa...
"Wysaly agtaran köňlüm, haçan ýeter myrada" diýýär şahyr.
Ýetirip duruň goşgularyňyzdan!
S.Gürgençli
08 июн 2022, 16:18
Ajaýyp goşgy
Ötegçi
08 июн 2022, 16:48
Jemleme??
Öwreniji
08 июн 2022, 17:05
❤????
Aksary
08 июн 2022, 17:36
Gyzylgül genneje ömrüñ bolsun.oñat goşgy,jemlemesi has hem gowy
Durmush
08 июн 2022, 20:37
Essalamualeýkum oňatmy ýagdaýlaryňyz genneje
Gumly gelin
Автор 08 июн 2022, 23:11
Durmush,salam.Oñat Hudaýa şükür.Tanamady seni jigim.
Gumly gelin
Автор 08 июн 2022, 23:12
Mennetdar ähliñize.
Durmush
09 июн 2022, 06:19
Öňki saýt agzalaryndan biri :)
Mümkin
09 июн 2022, 10:37
Salam,gelneje!Seni bu ýerde görmek gowy.
Hoş geldiñ!
Gumly gelin
Автор 09 июн 2022, 11:24
Mümkin,Salam,köp sag boluñ hormatyñyza.