Sende häsiýet barmy?

Şeýleikde biziň häsiýetimiz nähili?. Maksadymyza, arzuwlarymyza ýetmeýänligimize
biziň häsiýetimiz günäkär dälmi?. Mysal üçin, bir topar maksatlarymyzy
öz ugryna goberýäris. Bu maksatlarymyz öz peýwagtyna amala aşmagyna garaşýarys.
Bu häsiýet hemmede bar bolsa gerek.
Edil sygyry meýdana göýberip öz garnyny özi doýyryp gelmegini isleýşimiz ýaly.
Emma maksatlar we arzuwlar sygyr däl. Olaryň özara baglanyşygy gaty az. Dogry,
maksatlary yza sürmek bolar. Ýöne bu halaty anyk deliller we talaplar bilen
berkitmeli. Mümkinçilik bolanda maksatlaryň üstünde duryp amala aşyrjagyňa.
Ýöne öňde mümkinçiligiň boljagyny näbiljek! Muny bilmezden maksatlary yza sürmek
gorkaklyga, ýaltalyga hem ýaňralyga girýär.
Arzuwlarymyz bolsa gelýär-gidýär. Arzuwlara alaç ýok.
Emma maksat beýle däl.
Maksatlaryň amala aşmazlygyny katastrofa diýip düşünmeli.
Örän kyn maksatlar bolýar.Bu maksatlary durmuşa ornatmak üçin köp ýyllar gerek.
Bu hili maksatlaryň amala aşmagy pul ýetmezçiligi bilen baglanyşyklydyr,
käbir maksatlaryň amala aşmagy üçin özgeleriň kömegi gerekdir, ýene bir
maksatlaryň amala aşmagy üçin bilim we okuw hökmandyr.
Dürli tebigatly adamlar bolýar we şuňa bagly halda adamlaryň häsiýetleri
tapawut berýär. Şu ýerde käbiriňiz üçin şu sorag gyzyklydyr.
Maksatsyz adamlar bolýarmy?. Eger hawa diýip jogap bersem adamlaryň bir
toparyny kemsitdigim bolar. Bu hili hatany göýbermezlik üçin men bu soraga
şeýle joagap berýärin.
-Maksatsyz adamlar bolmaýar emma makasdyny amala aşyryp bilmeýän adamlar köp
bolýar. Olara seredip biz adamlar maksatsyz bolýar diýilýän düşünjäni
göýberýäris.
Öz häsiýetiňi bilmek kyn däl. Bary-ýogy birnäçe adamdan sorasaň bes. Men
nähili adam diýip. Birnäçe jogaplary alarsyň. Alan jogaplaryňy
umumylaşdyryp orta netijäni çykarsaň bu hem seniň häsiýetiňdir. Ýene-de bir
bilmeli zadyňyz bar. Maksatlaryň amala aşmagyna kimler bilen iş salyşýanyňa,
dostlaryňa we ýanýoldaşyňa hem baglydyr. Bu aýydýanlarym goşmaça. Aslynda,
hemme zadyň gözbaşynda häsiýet durýar. Ene-ata öz perzendini maksada okgunly
edip terbiýeläp bilse, bu örän wajyp. Ýöne häsiýetiň dogry bolup maksatlar
amala aşmaýan bolsa diýmek kimdir biri saňa duzak goýýar. Hemme adamdan dost
bolmaýar.Hemmeden ýagşylyga garaşma.Hut seniň duzyňy iýip ýören adamlar saňa
arkaýyn gözüni gyrpman ýamanlyk edip biler. Bu halatda öňde maksat goýylýar.
Bu hili adamlary syryp-süpürip taşlamak maksady.
Hoş wagtyňyz! Ýene duşuşýançak sag-aman boluň. Onsoň ýene meni okaýanlar
ünsli boluň. Meniň ýazýanlarymy öz islegiňize görä üýütgetmäň. Maňa dogry düşünjek
bolsaňyz meniň ýazýanlarymy yzygider okaň. Bar bolany şu.Häzirlikçe şu!

1 лайков 166 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pakize
20 авг 2023, 08:20
Khanture gowy düşünýä size we başgada bardyr. Düýnki gün käýedem saña näme diyip)) Menä känbir düşünemok ýazanlañyza düşünjek bolubersem kellam agyrya.
OrazMuhammet Aşyrow
21 авг 2023, 17:30
Edil bu ýerdä düşünip düşünmez ýaly zada görmedim ýönekeý biriniň içindäki şahsy pikirlerini görýän. Gowy pikirlerem bar welin entek gowy bişmesi gerek bolan pikirlerem kän. Ýöne meniň bilesim gelýän zat awtor umumy milli ynsan kemçilikleri barada ýazýarmy ýa şeýlekin içki pikirlerini. Ýagny ýazmakdan maksat näme?