Güýji ýetmez eşege ýapyşar palanyna

Güýji ýetmez eşege ýapyşar palanyna!
Ajaýyp nakyl. Köp adamlara degişli.Saýyt agzalarynda hem bardyr şu hili adamlar.
Eşege aýdanyny etdirip bilmän ony taýaklap uryp ýörenler.
Nakyly okap derrew tanandyr özüni. Ýöne bu hili adamlar harsyz we uýatsyz
bolýarlar. Olary söz bilen ýola salyp bolmaýar.Olary nähili ýeňmeli diýýäňmi?
Jogap bar. Ýöne häzir däl. Aňsatja hemme zady öwrenjek bolma! Zähmet çek!
Özbaşdak oka!Oýlan!Meniň aýdyp berenim bilen bilimli bolarsyň emma bu bilimi
gerekli ýerinde tiz ulanyp bilmersiň. Çünki zähmet çekilmän ýetilen zatlar
tiz ýogalyp gidýär.
Durmuş bolsa tizligi talap edýär. Bu hem hemmesi däl. Jaýdar,wagtynda diýilýän
sözi eşiden bolsaň gerek. Wagtynda aýytmaly, wagtynda talap etmeli, amatly
pursady peýlemeli. Bu sözler tizlik bilen utgaşmaly. Ahli hereketler tiz we
jaýdar bolmaly.
Eşek hem şuny talap edýär. Ilki bilen käbir eşekleriň dişleýändigini, onsoň
ýene depýändigini bilmeli we assajykdan eşege ýakynlap oňa üşş-üşş diýmeli.
Ot iýip duran eşegiň depmeginiň ähtimallygy ýokary bolýar çünki ol otyny
gysganýar.
Hemişe aç saklanýan eşek dişlemekçi bolýar çünki ol bir zat iýmeli öz
açlygyny kanagatlandyrmak üçin. Onsoňam eşek bilen tanyş bolmaly.
Öň saklan bolmaly. Ot-iýim suw berip ýören bolmaly. Bular hem az. Eşek oň
gaňňalanan bolmaly. Münülen bolmaly. Şulary bilseň eşege arkaýyn palan taşlap
bilersiň. Şeýlede bolsa käbir eşekler asly ýaman bolýar. Olary münmek hemmä
başartmýar. Gowusy bu hili eşekden daşda dur!Ýogsa bir ýeriňi agyrdar.
Bu aýdanlarym hemme ýagdaýlara degişli. Diňe eşek bilen däl.
Sözlerimiň manysyny özüňize çekmäň. Bu nakyla jogap bermek bilen mende gaýry
pikir ýok.Bu nakyly düşündirmek bilen men birje maksady yzarladym. Haýsy
işiň ýanyna barsaňyz şol işi abraý bilen ahyrlamagyňyzy orta ýolda taşlap goýman.
Hoş wagtyňyz!


0 лайков 114 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
murat yousef
20 авг 2023, 19:51
Agzalar, birimizä eşek ekenik!))))