Çöplemeler #1 #Isläniň oka #22.08.2023ý

*Häzirki döwür Internetde, 13-14 ýaşly gyzlar "Ýigidim taşlady" diýip aglaşyp ýörler. A men bolsa olaryň ýaşynda wagtym diňe Kleýton Tarzanyň maýmyn ejesini öldürenine aglap gezýärdim.

*Gelin wepaly bolsun öz ärine, Jelep düzelmez dolanar öz kärine.

*Iň uly lyk - şol bir edýän zadyňy etmek we ondan başga bir netijä garaşmak.

*Iň garyp adam puly bolmaýan däl-de, arzuwlary hasyl bolmaýan adam.

*Öz eden işiň üçin öz başyň egilse egilsin, ýöne eneň ataň başy hiç haçan egilmesin!

*Özüñ büdräp öz ýykylan ýeriñi, il ýykylmaz ýaly düzlegin eý adamogly.

*Eger kimdir biriniň göwnüne degip, soň köp gezek ýagşylyk edenem bolsaň, ondan seresap bolmalydyr. Sebäbi bedene çümen peýkam sogrulan hem bolsa, onuň ýarasynyň yzy giden däldir.

*Bir zady ýatda saklamak gerek. Hemişe biziň isleýän zadymyz bize hakykatdan hem gerekli zat däldir. Ol zat häzir bizde ýok bolsa, diýmek haýyrlysydyr. Biz diňe Allahdan özümize haýyrlysyny etmegini dilemelidiris.

*Gül ýaly owadan bol ýöne, tikeni ýaly zalym bolma.

*Hiç haçan kömek etmekden bir gezek boýun gaçyran adama ýüz tutma.

Toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv
3 лайков 226 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
22 авг 2023, 09:11
Kleyton Tarazanyñ ejesini öldürýami name?
Perhat Sabirovv
Автор 22 авг 2023, 11:53
danger,
Howwa
205161
22 авг 2023, 12:59
Senem Altyn Asyryň çagasydygyň bildirýär. Kleýton Tarzanyň ejesini däl-de Kerçigi öldürýär.
Perhat Sabirovv
Автор 22 авг 2023, 18:10
205161,
Köne mis asyry däldigime begenýän
Mährishka
30 авг 2023, 22:49
Perhat Sabirovv,
Name ucin kleyton tarzanyn maymyn ejesini oldurenine aglam gezyaniz?