Temel we Papa

Temel Watikanda gezip ýörkä uzyn nobata gözi düşýär.
- Bu nämäniñ nobaty? - diýip soranda, nobatyñ bir ujunyñ buthana baryp ýetýändigini we Watikan buthanasy tarapyndan jennetden ýer satylýandygyny, 1000 dollar berseñ jennetden özüñe ýer satyn alyp bolýandygyny öwrenýär.
Ol nobata durup, ahyr buthana barýar, gapyda duranlara:
- Men dowzahy satyn alasym gelýär... - diýýär.
- Bolmaz. Bärde dowzah satamzok, jennetden bir bölek ýer alasyñ gelse-hä, geç-de nobatyña dur!
Temel raýyndan gaýtman, kejeñekligine tutýar duruberýär.
Gapynyñ agzynda Temeli razy edip bilmedik işgärler Rim papasyna ýagdaýy aýdýarlar. Papa gülüp:
- Gidiñ, sorañ bakaly akylsyzdan, tutuş dowzaha näçe bermekçikä - diýip gülýär.
Gapa gelip Temelden soranlarynda, ol on müñ dollar berjekdigini aýdýar.
Papa Temeli içerik çagyrýar, taýýarladan resminamasyna Temele gol çekdirdip, on müñ dollaryny-da alyp ugradansoñ, yzyndan gülüp galýar.
Daşaryk çykan Temel gapyda birnäçe günläp jennetden ýer satyn almak üçin garaşyp duran müñlerçe kişä elindäki resminamany görkezip:
- Ehe-heý oglanlar! Dowzahyñ barsyny men satyn alandyryn, indi jennet satyn aljak bolup nobata durmagyñ geregi ýok, arkaýyn öýli-öýüñize dagaberiñ... - diýýär.
Märeke dagaýar...
Jennet söwdasy nola dirän Rim papasy we onuñ adamlary on müñ dollara satan dowzahlaryny Temelden yzyna satyn aljak bolup, şumadam başagaý bolup ýörlermiş...
Temel bolsa olardan on müñ dollar almasa beräýerli dälmiş!

Akylly adamlar köpelse, din söwdagärleri batar.
0 лайков 165 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
bahryalniz prenses
22 авг 2023, 13:03
dusunmedimda
205161
Автор 22 авг 2023, 14:12
yalniz prenses,
Mollasumaklara okap ber. Belki düşündirer
bahryalniz prenses
22 авг 2023, 15:50
neme ol dovzahy alanson jennedin hemmesi bize yeter zad dialermika
OrazMuhammet Aşyrow
23 авг 2023, 22:22
yalniz prenses,
Ol oçura duran adamlar dowzaha düşmejek bolup jennetden ýer alýarmyşynlar. Al ol Temel diýen tutuş dowzahy satyn alyp özüniňki edensoň, dowzah oňa degişli bolýarda osan galan adamlar jennetden ýer almasada bolýar sebäbi dowzahda ýer ýok bolansoň oňa düşjek gümanyňam ýokda.. Nämeler diýdim Allah özüň öt günämi..
OrazMuhammet Aşyrow
23 авг 2023, 22:23
205161,
Beýle zatlary degişmä salmagam dogry däldir gardaş...
Janob Rasul
25 авг 2023, 12:16
Taryhda bolan vaka dalmai bul dowzahy satyn alan adam diyp
Janob Rasul
25 авг 2023, 12:17
Taryhda bolan vaka dalmai bul dowzahy satyn alan adam diyp
205161
Автор 25 авг 2023, 12:55
Janob Rasul,
Hawa