Yenede komek

"Men saña şeýlebir kän garaşdym"
Goşgy kimde bolsa pylçaýyñ şörik kyn görmeseñiz
2 лайков 157 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mechta
Автор 22 авг 2023, 13:35
Umuman setirleri şeýle bolmaly
Pegas
22 авг 2023, 18:18
A MEN SAŇA ŞEÝLE BIR KÖP GARAŞDYM!

Geldiň.
Ikimizi duşurdy günler,
Şol öňki ýapraklar, şol öňki güller.
Bizi garşylady bagta ýar bolup,
Ikimizdenem has bagtyýar bolup.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Dogdy, söndi, ýene dogdy ýyldyzlar.
Sen güneş deý maňa elýetmez daşdyň,
Gözýetimden keşbiň gözlände gözler.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Garaşdym asmanda Aýlar solynça.
Diňe düýşlerimde hakykat bolan,
Arzuwlarym ahyr hasyl bolynça.
Sen geldiň-de, täze eýýamy açdyň,
Sen bilmediň, saňa näçe garaşdym.
O wagtlar şemal bolup uçardym,
Seni gözläp aýnalary açardym.
Saçlaryn oýnardym juwan ýaşlaryň,
Ýalňyzlykda sensiz ençe ýaşadym.
Şemallardan salam ýolladym saňa,
Gijeler agaryp sapanda daňa.
Sen ýanymda,
Bize baglar garaýar,
Şemal gara saçlaryňy daraýar.
Sen bolsa gözüme garaýaň sessiz,
Men nädip,
men nädip ýaşadym sensiz?!
Ýok, men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Gündizler saraldy, gijeler soldy.
Çarkandakly ýollar bilen göreşdim,
Ahyr saňa barýan ýoda arçaldy.
Ykbaldan gaçara ugur ýok, ýol ýok,
Belki, güler ertir gözümiz baglap.
Men giderin, ýöne köne arzuwlam
Uçup ýeter seniň yzyňdan galgap.
Sebäbi men şeýle bir köp garaşdym,
Ýarty bolup galyp, ýarym idedim.
Bitewi bir mana öwrülmek üçin,
Garaşyp, göreşip, gözläp ýadadym.
Ine, sen ýüzüme garap ýylgyrýaň,
Görmän, duýman ýadawlygyn gözlermiň.
Men bolsa bagtyma ynanman barýan,
Ahyrsoňy tamam bolan gözlegim.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Birmahal ýaş bolup didäňe siňip,
Şol gözleri hiç unudyp bilmedim,
Bir ýalňyz şem deýin tümlüge daňyp.
Belki, ertir ýaşap bilersiň mensiz,
Belki, menem ýaşap bilerin demsiz.
Bagtyýar durmuşym gutarar şomal,
Men onsoň ýene-de bolaryn şemal.
Ýene seni gözläp ýollar sökerin,
Ýene agaçlaryň gülün dökerin.
Ýene-de syparyn juwanlaň başyn,
Ýene garap, tümler bolar syrdaşym.
Seni tapyp hasratymy kemerin,
Demiň bilen gursagyňa siňerin.
Gije ýaly saçlaryňy dararyn,
Ýüzüň sypap, ýuwaşja pyşyrdaryn:
— A men saňa şeýle bir köp garaşdym!
A men saňa şeýle bir köp garaşdym!


Gunça MAKENOWA
Mechta
Автор 23 авг 2023, 22:02
Pegas,
Yenede bir gosgy bolmalydymy Ogulnurynkydymy bar bolsa şonam goyayda kyn görmeseñiz
OrazMuhammet Aşyrow
23 авг 2023, 22:26
felicita,
Göz-röwşenim, nury didäm,
Saňa juda kän garaşdym.
Aýlardan, ýyllardan idäp,
Saňa juda kän garaşdym.

Gül ysyna “Demiň” diýip,
Ýel ýelpese “Eliň” diýip,
“Ýürek dilim-dilim” diýip,
Saňa juda kän garaşdym.

Çeşmäň akymy bilen gel,
Ýazyň ýakymy bilen gel,
Aňyň, akylyň bilen gel,
Saňa juda kän garaşdym.

Günüň şöhlesi bilen gel,
Aýyň şuglasy bilen gel,
Ýazyň çabgasy bilen gel,
Saňa juda kän garaşdym.

Meni gam ýagşyna ezme,
Adyňy almasyn özge,
Gel, gyşyň aňzagna döz-de,
Saňa juda kän garaşdym.

Isleseň, gel gögi syryp,
Isleseň, çyk ýeri ýaryp,
Ýöne zeýrendirme zaryn,
Saňa juda kän garaşdym.

Erkime el bermez yşkym,
Gözümiň öňünde keşbiň.
Bilmen, ýolda nämä duşduň?!
Saňa juda kän garaşdym.

Körler kimin sermendigim,
Maňzym bolup örňedigim,
Bir gezegem görmedigim,
Saňa juda kän garaşdym.

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW
OrazMuhammet Aşyrow
23 авг 2023, 22:27
felicita,
Garaşdym

Günleň biri elden gaçan käse deý
Taýyp gitdiň, sabyr käsäm moý açdy.
Gör, nije ýyl «dymp» etmedik ýüregim
Edil şu gün jibir-jibir dil açdy.
…Iller ýaly diýmeseň-de: «Garaşgyn»
…Garaşdym.

Men bir göze ilen juwan gyz ahyr,
Aladadym enem bilen atama.
Guda gelse, ýer tapamok girere,
Gatnaýanlar köpelipdi ak tama.
Aňsalaram, aldamaga çalyşdym,
…Garaşdym.

Kese bakýan kesip geçjek ýoluňa,
Iliň gözi maňa göni dikilýär.
Sen dünýäni ýumrup gitdiň başyma,
Göz kän, dil kän… şu zatlardan çekinýän.
Halyň niçik, daşgulakdan soraşdym,
…Garaşdym.

Mende bir dert, sende-de müň alada,
Derdim ýeňletmäge käte gel ahyr.
Meni ýüpsüz aýralyga saradyň,
Dartyberseň, kertiberer teýahyr.
Ynanýaňmy, men hiç kime garaşsyz
Garaşdym.

Kämahallar ýyllap du:şman oňarsyň,
M:aýam dörär käte kowup-gaçara.
Derdim çekişeňok, asyl özüň — dert,
Sen hossar däl saňa syrym açara.
Men bu gije ejem bilen aglaşdym,
…Garaşdym.


Ogulnur ATAÝEWA
Mechta
Автор 24 авг 2023, 12:14
mrokas,
Ysvasyva)