Meň hemmetaraplaýyn mowzuklarym diňe islenende #1 #Gel bärik

*Bir adam bary ýogy 1 ýylda 1söz aýdyp bilýän eken. Onsoñ ol bir gyza aşyk bolupdyr we oña söýgüsini aýtmak üçin 7ýyllap gürlemän gezipdir. Şeýdip aradan 7ýyl geçip ahyrynda ol gyzyñ ýanyna baryp:
- "Men seni söýýän. Meniñ bilen durmuş gurarsyñmy?!" diýip sorapdyr welin ol gyz bolsa gulagyndan nauşniklerini aýyryp yzyna öwrülip:
- "Näme diydiñ" diýip sorapdyr.

*Äri Türkmenabada komandirowka gidip barýar. Çagalaryna diýýär, kim "Türkmenabat" diýen söze kapýa düzüp islän zadyny aýtsa, şoňa şol zady getirjek.
Gyzy:
- "Kakam gitýär Türkmenabat, getirer maňa şekolat".
Berekella gyzym, saňa şekolat getirerin.
Ogly hem:
- "Kakam gitýär Türkmenabat, kakam getirer popugaý guşy" diýýär.
Onsoñ kakasy hem:
- Ýok oglum, bu kapýa bolmady. Pikirlen gowuja. Ogly pikirlendi pikirlendi we şeýle diýdi: - "Kakam gitýär Türkmenabat, ejemiň oýnaýşy bolar şat. Ejemiň oýnaýşy biziň goňşy, kakam getirer popugaý guşy".

*Gapjygy zarýada goýsaň gowy bolardy.
Ir bilen turýaň, gapjygy barlaýaň, oho dolupdyr. Zarýadnigi aýyrýaň, gapjygy jübiňe goýýaň we dawolny bazara gitýäň.

*Himiýa sapagynda mugallym Serdarjykdan soraýar:
- Demiri günde goýsañ näme bolar?
- Poslar.
Mugallym bu gezek yzky partalardan Ahmedi turzup:
Altyny günde goýsañ näme bolar?
- Ahmet hem:
Ogurlanar mugallym ogurlanar...

*Iki ikiñ dört bolar,
Gyz ýaşy on dört bolar.
Gyz on dörtden geçensoñ,
Oglanlara dert bolar!

*Dost düýn gelnime konkretny gygyrdymaý.
- Goýsanaý näme diýip gygyrdyñ?
- Ol maňa hany bol nahar ataryp başla diýdi menem näme göziň körmi entek kirleri ýuwup bolamaga diýdim.

*Myhmançylykda aýaly äriniň gulagyna çawuş çakýar.
- Gyýw, bol, çaltrak bir ýomak aýt-da, töwerekdäkileri güldürsene. Onsoň menem gülen bolup, düýn saldyran altyn dişlerimi oturanlara görkezeýin.

Toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv

Eger mowzuk göwnüñize ýarasa "Like" bilen goldap kuwwatlamagyñyzy soraýaryn. Halamasañyz - Dislike
6 лайков 163 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Süleýman
29 авг 2023, 11:00
Haladym ýylgyrtdy hasam popugaý guşly like goýup bilemok mende goýulanok dost gaty görme.
Mährishka
30 авг 2023, 22:00
Gowy hekaya eken ☺️☺️☺️