Perhat Sabirovv toplamalary

*Äri Türkmenabada komandirowka gidip barýar. Çagalaryna diýýär, kim "Türkmenabat" diýen söze kapýa düzüp islän zadyny aýtsa, şoňa şol zady getirjek.
Gyzy:
- "Kakam gitýär Türkmenabat, getirer maňa şekolat".
Berekella gyzym, saňa şekolat getirerin.
Ogly hem:
- "Kakam gitýär Türkmenabat, kakam getirer popugaý guşy" diýýär.
Onsoñ kakasy hem:
- Ýok oglum, bu kapýa bolmady. Pikirlen gowuja. Ogly pikirlendi pikirlendi we şeýle diýdi: - "Kakam gitýär Türkmenabat, ejemiň oýnaýşy bolar şat. Ejemiň oýnaýşy biziň goňşy, kakam getirer popugaý guşy".

*Aşyk bolan gyzyň saňa üns berenokmy? Seni hasap edenokmy? Onda bir alajyny tapyp ondan karz pul aljak bol. Goý bütin günläp pikiri diňe sen hakda bolsun.

*Bir adam restorana girip naharlanýar. Naharyny gutarjak bolup durka jübüsinden siňek çykaryp içine atýarda:
- Offisant, offisant! Bu ýeri nähili bir restoran? Naharyňyzyň içinden siňek çykýarla? Muny eşiden offisant ylgap gelýärde:
- Bolýar müşderi. Bagyşlaň. Sizden pulyny hem almarys, ýöne gygyryp beýleki müşderilere welin eşitdiräýmäň. Razy bolan bolup restorandan çykyp barýarka gapdalda oturan başga bir müşderi ýuwaşlyk bilen oňa pyşyrdaýar:
- Dost, ýene bir siňegiň barmaý?

*Menem söýgi isleýän, söýýän adamym eli bilen ýüzümi tutsa, saçlarymy sypalasa we ähli bergilerimi töläp berse...

*Aglamak bilen ähli meseleler çözülýän bolsady, dermanhanalar sogan satardy.

* A: Azat Dönmez toý edýämiş gidelimi dost?
B: Aý ýok bu gün işim bar indikisine gideris...

*Gatnaşyklaryñ arasyndaky iñ esasy zat Ynam.

*Gapjygy zarýada goýsaň gowy bolardy.
Ir bilen turýaň, gapjygy barlaýaň, oho dolupdyr. Zarýadnigi aýyrýaň, gapjygy jübiňe goýýaň we dawolny bazara gitýäň.

*Lukman, Men öýlenenim bäri, gözlerim-ä bir döw çaldy?
Ýeri näme görejiñiz peseldimi?!
Şeýle öýdýän: Men hiç pul diýen zady göremok.

*Himiýa sapagynda mugallym Serdarjykdan soraýar:
- Demiri günde goýsañ näme bolar?
- Poslar.
Mugallym bu gezek yzky partalardan Ahmedi turzup:
Altyny günde goýsañ näme bolar?
- Ahmet hem:
Ogurlanar mugallym ogurlanar...

Toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv
4 лайков 151 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
jadygoy
09 июн 2021, 08:08
şu @PerhatSabyrovv ýaly oglanlar köpelsedä...
jadygoy
09 июн 2021, 08:08
ol hem gulluga gitdi, Daşoguza düşüpdir.
Ogulşirin Bayramowa
09 июн 2021, 08:35
* A: Azat Dönmez toý edýämiş gidelimi dost?
B: Aý ýok bu gün işim bar indikisine gideris...
şul gowy eken...?
Şamuhammet
09 июн 2021, 12:28
@Sazanda gyz, saňa sorag, bu temany nireden aldyň!?
nurana syhyyewa
Автор 09 июн 2021, 19:12
Jeksparro talyplar.Comdan aldym on men agza bolup bilmeyan mahalym dine goyulan zatlary kapiravat edip zametlada goyyadym solar bolany kop zat bar yone zrenyam pes sonun ucin kan tel ullanmayan oydakilere aydamogam zrenyamyn pesligi bilseler wapse elime tel bermeyaler hic kime aydamokdym soygulim billi agzymdan sypdyrypdyryn bir gezek inni olam gygyrya barde agza bolanymam bilenok entak