****
Bir mugallym okuwçylarna size Allanyň ýoklugyny subut etjek diýýär. Okuwçylaryň hiç birinden ses üýn ýok, mugallym subut etmäge durýar. Okuwçylar meni görýäňizmi? Hawwa! Partany görýäňizmi? Hawwa! Aýnany görýäňizmi? Hawwa görýäs! Asmany görýäňizmi? Hawwa görýäs! Asmanda Allany görýäňizmi? Ýook! Onda Alla ýokdur okuwçylar! Yzyrakda oturan okuwçylaryň biri elini galdyrdy. Ýoldaş mugallym menem bir zat sorasam bolarmy. Geç tagta soraber diýip mugallym rugsat berdi. Edil öz mugallymynyň aýdyşy ýaly soramaga başlady. Okuwçylar aýnany görýäňizmi? Hawwa! Meni görýäňizmi? Hawwa! Mugallymy görýäňizmi? Hawwa! Mugallymyň kellesini görýäňizmi? Hawwa! Kellesiniň içindäki akyly görýäňizmi? Ýook! Onda şu mugallym akylsyzdyr!
Iň bärkisi, bir-iki duralga üçin awtobusa münüp-düşeniňde-de, ýol hakyňy tölemäge, hasaplaşmaga mejbursyň. Bu uly ümmülmez, owadan dünýäniň taýsyz nygmatlaryny saga-sola sowrup, iň soňunda Haka hasap bermelidigiňi unutmak asla mümkin däl...

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.