.....
Bir gyz imo surat goýjak bolup,telefonyň içindäki 1 mln 250 müň 325 suratynyň arasyndan ýekeje-de göwnüne ýaraýanyny tapyp bilmändir.Soň ol imo "Фотка Мотка Нету
Мама сказалa:Göz degýär" diýip ýazylan kartinkany goýupdyr.
-Ekspertler biziñ suw ýetmezçiligi bilen bagly meselelerimiziň çözülendigini aýdýarlar.
-Ýöne halk beýle diýenok.
-Sebäbi halk ekspert däl-da!
Bir emeldaryň ogly maşyny bilen 2 pyýadany kakypdyr.Biri maşynyň öň aýnasyna bat bilen urulypdyr.Ikinjisi urgyň badyna gapdaldaky salmaň içine uçup düşüpdir.Sud bu işi öwrenip,höküm okaýarmyşyn:
"Birinji pyýada maşynyň öň aýnasyny döweni üçin 2 ýyla,ikinji pyýada waka bolan ýerden gizleneni üçin 3 ýyla azatlykdan mahrum edilsin!"
Google translate hem ynam ýok."Ilon Musk" diýip ýazsam, "Belañ oky" diýip perewod edýär.
Bir adamyñ öýi bar eken,ýöne gapysy ýok eken.Näme etjegini bilmän,öýüni satyp ýerine gapy alypdyr.Indi ol adamyň gapysy bar,ýöne öýi ýok.
Ýylan Maskdan sud X logatipini aýyrmagy talap edipdir.Muña çäre tapan Ýylan Mask bir X-yñ yzyna, ýene bir X-y tirkäp,başdaky duran X-y aýyryp taşlapdyr.
Hany,düýşümde işläp gezip,huşumda aýlygymy alyp oturanymda.
Aýalyňyza "Sen kime gerek adam-aý?!"-diýmäň!Hat-da,Şregiň aýalynada hyrydarlar tapylypdy.
Aýaly ärine:
-Ogluňyza bir zat diýiň ahyryn.Gün uzyn internetden kellesini galdyrmaýar.
Äri:
-Özün aýdaýsana şony.Ogluň meni çorna salyp goýdy...
-Açlykdan ölmezlik üçin näme etmeli?!
-Dok wagtyň ölmeli!
Maýor esgerlere:
-Gazan akoplaryňyzyň opurulyp düşeninden komandiriňiziň habary barmy?!
Esgerler:
-Häzirlikçe ýok ýoldaş maýor!Ilki ony gazyp çykaraly,ondan soň hökman aýdarys.
Ýary gije bir nätanyş adam jaň edip, mazarystanda duşuşyk belledi.Geň adam eken.Gelmedi...
Bir adam ýarygije azaşyp "Kömek-Kömek" diýip gygyryp ýören eken.Şonda bir manýak onuň ýanyna gelip:
-Ýary gije hemmäni bimaza edip näme gygyrýaň?
Ýaňky adam:
-Azaşyp galdym.Kimdir biri eşider diýip gygyryp ýörün!
Manýak:
-Ynha,men eşitdim.Gowy boldumy indi?!
Çaga wagtym näme üçindir T harpyny oglana, O harpyny gyza meňzedýärdim.
Daşary ýurtly jenaýatçy terjimeçi arkaly sorag edilýär:
-Ogurlan altynlaryň nirede?
Jenaýatkär:
-Aýtmaryn!
Terjimeçi:
-Aýtmaýan eken.
-Soňky gezek soraýarys,altynlar nirede?
Jenaýatkär:
-Eliňizden gelenini ediň!
Terjimeçi:
-Aýtjak däl diýýär.
-Eger altynlary nirede gizläniňi aýtmasaň,seni atyp taşlarys!
Jenaýatkär:
-Bolýar,aýdaryn!Altynlary pylan ýerde gizläp goýupdym.
Terçimeçi:
-Atsaňyz atyp taşlaň.Barybir aýtmaýan diýýär.
Ýönekeýje hasaplamalaram kalkulýatorda hasaplaýan adama,kalkulýator şeýle diýipdir: "Iň bolmanda 1+1 özüň ýatdan goş!"
-Döwlet ykdysadyýeti çökgünlige ýüz urupdy.Ýurdyň ilaty aç,naçar we närazy,emme sesini çykaryp bilenokdylar!Ilatyň uly bölegi iş gözleginde keseki ýurtlara özlerini atypdy.Halk kitap okamagy bes edipdi.Döwlet edaralary öz işlerini göwnejaý ýerine ýetirip bilenokdy.Ýaş çagalar hem köçelerde çilim tütedip gezýärdiler,goňşular bir garyş ýer üçin biri-biri bilen dawalaşyp,hökümede arz edýärdiler.Ýolbaşçylar bolsa göýä hiç zady görmeýän ýaly,bilmeýän ýaly, arkaýyn geziberýärdiler.Olar garamaýaklaryň pullaryndan özlerine köşk ýaly jaýlary...
-Oglum,telewizory öçürip sapaklaryňa taýýarlan!
-Eje,men taryh sapagyndan "Rim imperiýasynyň dargamagy" atly temany okap otyryn!
Howa maglumaty:
"Kalhoz başlygymyzyñ aýalyna ýörüteläp Italiýadan zakaz eden paltosynyň gelmeli wagty gijä galýandygy üçin,bu ýyl kalhozymyzda howanyň noýabr-dekabr aýlaryndan däl-de,ýanwar-fewral aýlaryndan sowamagyna garaşylýar.

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.