Turkmenistanyň Jenayat kodeksi
177 madda Durmuş, milli ýa-da dini duşmançylygy döretmek
(1) Durmuş, milli, etniki, jyns ýa-da dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy döretmäge, milli mertebäni kemsitmäge gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri edene, şeýle hem raýatlaryň dine garaýşyna, durmuş, milli, etniki ýa-da jynsy degişliliginiň alamatlary boýunça olaryň aýratyn ýa-da doly bahaly däldigini wagyz edene,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Şonuň ýaly etmişler köpçülikleýiň habar beriş serişdeleni peýdalanmak bilen edilse,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyldan dört ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler fiziki zorluk ulanyp ýa-da ony ulanmak howpuny salyp edilse, şeýle hem guramaçylykly topar tarapyndan edilse,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
106 madda
2nji böleginde bolsa: Adama haýbat atmak, töhmet atmak, çydamsyz güne salmak ýa-da onuň şahsy mertebesini birsyhly kemsitmek bilen, ony öz-özüňi öldürmäge mejbur edene ýa-da öz-özüňi öldürmek kastyna düşürene, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(3) Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişi, kämillik ýaşyna ýetmedik babatda edene,
sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.