"GAHAR, SAGAT, GÖWÜN"
Düşünşmezlik boldy bir tanşym bilen,
Ola maňa diýibildi diýjegin,
A men bolsa göwne degmejek boldum,
Ýogsama meniňem belli diýjegim.
Öýe geldim gahar gazapdan çişip,
Beýnimem bulanyk, göýäki palçyk.
Ýeri sagadyňky näme diýsene,
Olam bizar etdi ýöne jyk jyk jyk.
Diýmeli ýerinde diýmänim üçin,
Özümi ýazgardym, özüme söwdüm.
Ahyr gaharyma bäs gelip bilmän,
Şol jykgyldap duran sagady döwdüm.
Soň bolsa ökündim eden işime,
Sebäbi sagadam juda gowudy.
Ýöne weli bir begenýän tarapym,
Derdimä ýeňledi, içim sowady...
Göwün diýilen zat aýna mysaly,
Kyn bolsada gahar gazap sowulsyn.
Göwün täzeletmez, sagat alyp bor,
Goý Göwün döwlenden, sagat döwülsin.
Mart 2023
ÝUSUP MEREDOW
Ola maňa diýibildi diýjegin,
A men bolsa göwne degmejek boldum,
Ýogsama meniňem belli diýjegim.
Öýe geldim gahar gazapdan çişip,
Beýnimem bulanyk, göýäki palçyk.
Ýeri sagadyňky näme diýsene,
Olam bizar etdi ýöne jyk jyk jyk.
Diýmeli ýerinde diýmänim üçin,
Özümi ýazgardym, özüme söwdüm.
Ahyr gaharyma bäs gelip bilmän,
Şol jykgyldap duran sagady döwdüm.
Soň bolsa ökündim eden işime,
Sebäbi sagadam juda gowudy.
Ýöne weli bir begenýän tarapym,
Derdimä ýeňledi, içim sowady...
Göwün diýilen zat aýna mysaly,
Kyn bolsada gahar gazap sowulsyn.
Göwün täzeletmez, sagat alyp bor,
Goý Göwün döwlenden, sagat döwülsin.
Mart 2023
ÝUSUP MEREDOW
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.