*****


Alymlar adam organizmini öwrenmekligiň dowamynda ruhyň nämelere ukyplydygy hakynda köp zatlar anyklapdyrlar. Olaryň pikiriçe ruh bedeni başsyz hem belli bir wagta çenli dolandyrmak mümkinçiligine eýe eken. Şu mesele boýunça bir taryhy maglumata seredip geçeliň.


1336 ýylda karol Людвиг Баварский дворянин Диц фон Шаунбург we onuň dört sany dostuny döwlete garşy gozgalaň gurnamakda günäläp ölüm jezasyna höküm edýär. Ählisiniň kellesi kesilmeli edildi. Ähli taýýarlyklar ahyrlansoň däbe görä karol Disdan soňky isleginiň nämedigini soraýar. Dis eger kellesi kesilensoň dört dostunyň ýanyndan ýuwurip geçip bilse olary bagyşlamagyny soraýar. Munuň üçin dört dosty biri-birinden 8 metr aradaşlykda ýerleşdirilmelidi. Dis kellesi kesilensoňolaryň deňesinden ýuwurip geçmegi zerurdy. Karol razy boldy.

Диц dört dostuny biri- birinden 8 metr aradaşlykda ýerleşdirip çykdy. Şert boýunça başsyz bedeni haýsysynyň deňesine çenli ýuwurip gelip bilse, şol we yzdakylar azat edilmelidi. Ahyry şol pursat geldi. Dis kellesini çapgy ýassygynyň üstünde goýdy. Jellat onuň kellesini hem aldy. Ana şol wagt taryhy waka bolup geçdi. kellesi ýere togalanyp düşenden göwre ýerinden turdy we hiç hili ýalňyşman dört tussagyň ýanyndan ylgap geçdi. Dördüsiniň ýanyndan ylgap geçmek üçin göwre 32 metr aralyga ýuwurmelidi. Hakykatdanam dworýanyň ruhy bedenine kömek etdi. Ol soňky tussagyň ýanyndan ýuwurip geçdi-de ýere ýykyldy.

Karol beýle boljagyna garaşmandy. Haýran galmakdan ýaňa tasdan aklyndan azaşypdy. Ýöne sözünde durdy. Dört tussagam azat etdi.
6 лайков 233 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
05 окт 2023, 05:57
Bääääh. Ir bilen täze güne başlamak üçin gowja hekaýa
Pegas
05 окт 2023, 09:52
Hä-äk, bezzat ruh!)
Hemedany
05 окт 2023, 12:09
Horazyňam kellesini kesip göýberseň, şol ylgap ýör kellesiz :)
205161
05 окт 2023, 12:24
Bolup biler.

Meni käwagt bir güýç dolandyrýar. Kellämiň işleýşine(pikirlerne), hereketlerime özüm haýran galýan. Özümi 2nji beýnä geçirip özümi synlaýan ýaly duýýan we özümi yza dolamaga (ýada dolanmaga) çalyşýan. Esasanam kimdir biri bn prinsipiallykda şeýle bolýa ýada käbir çykgynsyz meselelerde. Üstesinede şeýle bir gorkmazlyk duýgy gelýär. Haçanda hemme zat öňkisi ýaly bolanda şeýle bir gorky gelýär käbir ýerlerden, gysga wagtda aýrylýança hiç kimiň bir zat diýmezligini isleýän. Eger biri bir zat diýse sussym basylyp şondanam gorkýan.
noname
05 окт 2023, 12:38
Ynanmasy kyn waka
Dowsypat
05 окт 2023, 13:53
Kellesini kesip tejribe gecirip gorer yaly,bir kellesiz samsyga tapmaly onda.
#B.S
05 окт 2023, 23:43
Dowsypat.
Kellesini kesip tejribe gecirip gorer yaly,bir kellesiz samsyga tapmaly onda.

??