Trenddäki wirt. tanyşlygyň WIP myhmany Rigel...

Tüweleme, örüsi gün-günden giňeýän saýtymyz 7 ýaşdan 87 ýaşa çenli bolan ildeşlerimizi wirtual saçagyň daşyna jemleýär. Dürli ýaşly agzalar bolansoň, dürli dünýägaraýyşlar, çapraz düşünjelerem gabat gelmegi mümkin, bu adaty ýagdaý. Ýöne şu adatylygyň içinde adatdan daşary sylaşykly, sypaýyçylykly, uly-kiçiň göwnüne degmän ýaşap ýören bir agzamyz bar. Trend gepleşigimiziň uzak garaşylan brend myhmany hanym @Rigel.
Garaşylmadyk we biynjalyk edýän soraglar üçin öňünden ötünç soraýan.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Aýdym aýtmak bilen gyzyklanýanyňyzy eşidipdim daş gulakdan, köpräk halk aýdymlaryny aýdýarsyňyzmy ýa-da estrada?
3. Hindi kinolar bilen araňyz nähili?
Jüýkburun oglanlaryň gyzlaryň arasynda has köp söýülmegine Şahruk han sebäp diýýärler, şo çynmyka?
4. Öňler ylym bilen baglanyşykly duýguly bloglar açýardyňyz, bu günler nämeler bilen başagaý?
5. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň. (Siziň üçin daşky sypat näderejede möhüm?).
6. "Kiçi söýgi toýlar bilen tamam bor,
Uly söýgi köýer ahyrzaman bor"
diýipdi Türkmenbaşy.
Ylalaşýaňyzmy? Näme üçin?
7. Islenen bir döwlet bolsady @Rigel onda kim bolardy?
8. Ötünç soramany halaýaňyzmy? Bagyşlamany nä?
9. Özüňizi haýsy multfilm gahrymanyna meňzedýärsiňiz?
10. Dünýädäki ähli zatlar alsaň azalýa ýa kiçelýär diýýärler? Eskimoslaryň pikirine görä aldygyňça köpelýän zadam bar eken. O nämekä?
11. Kitaphana gatnamak zerurlykmy ýa-da gyzykly güýmenje?
12. Gije ýeke özüň öýde užas kino görüp otyrkaň swet öçdi (tok söndi). Siziň hereketiňiz?
13. Üç aýakly öý haýwanyny saklap gördüňizmi?
14. Zenanlar erkeklere garanyňda hilegär (ylalaşmanam bilersiňiz ýöne bu fakt, öýkelemezlik şerti bilen, elbetde) bolýarlar. Muny bir ýerde öwredýärlermi ýa özüňiz bilýäňizmi?
15. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
16. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun, ata Watanymyzyň iň şadyýan, bagtly zenanlarynyň biri boluň.
17. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!
15 лайков 295 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Diamante_G
27 окт 2023, 21:53
Soraglar gyzykly eken jogaplaryna esasanam 12 bilen 14 jogaplaryna garaşyan
Pegas
27 окт 2023, 22:37
ylym bilen baglanyşykly duýguly bloglar

?
Azasdym.
27 окт 2023, 23:32
Mena byl agzanyn ayal masgalalygyny bilemokdym dogrysy?
Гость
28 окт 2023, 00:14
14. Zenanlar erkeklere garanyňda hilegär (ylalaşmanam bilersiňiz ýöne bu fakt, öýkelemezlik şerti bilen, elbetde) bolýarlar. Muny bir ýerde öwredýärlermi ýa özüňiz bilýäňizmi?


:D
Massimus
Автор 28 окт 2023, 00:36
Azasdym.,
Mena byl agzanyn ayal masgalalygyny bilemokdym dogrysy?

Ýok bu gyz maşgala?
Diamante_G
28 окт 2023, 00:37
Azasdym.
Mena byl agzanyn ayal masgalalygyny bilemokdym dogrysy?

menem bilemokdym okamda bildim
Rigel
28 окт 2023, 01:15
Salam minnetdar. Bu yerde hemme bilen oņuşsamam realda beýle däl.
. Aytmadyksyramak gerek dalmika diyyan sebabi pacdi kopsi bilyar
1. Aýsona 2001 Daşoguzdan.
2. Halk aydym. Ýõne aydymdanam beter obraza giri çeper okamany halaýaryn.
3. Obši kino bilen aram ýok.
4. Depressiyada bolansoņ köpuräk samrayadym.
5. Şahsy durmuşym bilemokda näme gurruň berjegimi. ( dašky sypata üns bermeýän ýok bolsa gerek)
6. Name diyjegimi bilemok. Soygi meselesindaki oz pikirima hakyky soygi toydan son cagalar dogulanson baslayar.
7. Energetika ministr bolaymasa
8. Bagyşlayan ýõne ötünç sorap bilemok. Kop oykeleyan
9. Dogrysy multifilimerin ozlerinem gahrymanlarynam bilemok.
10. Bilemok
11. Kate gyzykly guymenje kate zerurlyk. Meselem mena pul ucin gatnayan koplenc kyrsdaslarymyn referatlaryny yazyan sagadyna 10 manatdan toleyaler kitaphanada oturanyna.
12. Telefonun cyrasyny yakyp yerime gecip yatardym reska.
13. Uc ayakly haywan bamyna?
14.oglanlar owredyar hilegar bolmany.
15. Hemmesi tuweleme akylly mana aytmaga zerurlyk yokdurlay.
Yene bir gezek minmetdar
Massimus
Автор 28 окт 2023, 02:29
Rigel,
Özboluşly jogaplar. Sag boluň!
Goý Size duşjak bagtyňyzam özüňiz ýaly kalby päk bolsun, ýoluňyzam ak bolsun!
Halk aýdymlaryny aýdýan sesiňizem elmydama belentde ýaňlansyn!
Azasdym.
28 окт 2023, 08:53
14.oglanlar owredyar hilegar bolmany.


Bu diysen gowy jogap bolupdyr.
TtDžumaýewa
28 окт 2023, 09:10
10 jogaby bilim
Azasdym.
28 окт 2023, 09:59
Džumaýewa
10 jogaby bilim


Men pikirimce 10 jogaby karz aldygynca kopelya.
Nurmuhammet
28 окт 2023, 12:09
Sonky sohbetdes geplesikler gaty gysga bolya men pikirimce
My life
29 окт 2023, 00:52
Gyzykly. Indiki blogyñyzada garashyan.?
Гость
29 окт 2023, 22:39
My life
Gyzykly. Indiki blogyñyzada garashyan.?

Indiki sen barada bolaýsyn arhitektor :)
Massimus
Автор 29 окт 2023, 23:41
Гость,
Indiki sen barada bolaýsyn arhitektor :)

Aý maslahat
Senyorita.
02 ноя 2023, 10:48
Şu menem bar-a.... negözel bloglara teswir ýazmaga gijä galyp ýörendirin :(