"Ýürekdeş söhbet" Venus23 bilen...

Salam arzylylar! Talyplyk bagtyna mynasyp bolan ähli saýtdaşlarymyzy gutlamak bilen "Ýürekdeş söhbet" atly täze proýektimize başlaýarys. Bu öňki "Geliň tanyşalyň" mowzuklarymyzyň logiki dowamydyr. Gepleşigimiziň ilkinji myhmany öz ajaýyp goşgulary bilen gysga wagtyň içinde saýtyň goşgy söýüjileriniň arasynda gyzgyn goldawa eýe bolan şahyr agzamyz Venus23. Ýürekdeş söhbetdeşligi Siziň wepaly, ýürekdeş žurnalistiňiz, "Massimus production" "Sen bolmasaň Senemjan", "Elimi sallasam ellisi" diýip söýgülisiniň göwnüne degip 1 aýdan bärem ýalbaryp ýören ýigitlere göwünlik beriji birleşigi gurnar.
Soraglarymyza mümkin boldugyndan jogap bermegiňizi haýyş edýäris!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Esasan haýsy şahyrlary söýüp okaýarsyňyz?
3. Siziň üçin ýazmak hobbi-mi ýa zerurlyk?
4. Ýazýan ynsan hökmünde Kerim Hallyň goşgularyna garaýşyňyz nähili?
5. Şahsy durmuşyňyz barada iki agyz...
6. Saýtdaky goşgy ýazýan agzalar baradaky pikirleriňiz, bellikleriňiz, maslahatlaryňyz!
7. Söýgi bu...
8. Poeziýa näme? Öz sözüňiz, ýüregiňiz bilen jogap beräýiň.
9. Agzalara hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz?
10. Parahorluk, garyndaşparazlyk barada, onuň ýurduň ösüşine ýetirýän zyýany, ony aramyzdan aýyrmak üçin edilmeli işler barada pikirleriňiz? (Ýa-da parany aýyrmak üçin kime para bermeli?).
11. Söýgi toýdan soň kem-kemden azalýar diýýärler. Venus bu barada nähili pikirde?
12. Eger durmuşyňyzyň bir sekundyny-da aýyrman kino döretseler, şol kinony maşgala agzalaryňyz bilen arkaýyn görüp bolarmy?
13. "Ýürekdeş söhbediň" indiki sanynda kimi görmek isleýärsiňiz?
14. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun, döredijilik ýolunda Size uly-uly üstünlikler arzuw edýärin! Gatnaşmaga razylyk bildirenligiňiz üçinem sag boluň!
15. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz.
7 лайков 462 просмотров
20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gauzen
03 авг 2022, 17:32
Jogaplara garaşýan hitry
Pegas
03 авг 2022, 18:14
Mendenem ýekeje sorag: näme üçin ýokarky soraglara jogap bereňok?
Senyorita.
03 авг 2022, 18:29
Massimus salam! Sizi görenime juda şat! Şeýdip geleweriň!
yusupahmet12
03 авг 2022, 18:56
Giňişleýin jogap berilse täsirli bolardy.
yusupahmet12
03 авг 2022, 19:00
Sowallaram ýöne möne soraglar däl .Şahyr oýlanyşykly jogap bermek isleýändir.
yusupahmet12
03 авг 2022, 19:04
Şular ýaly täsirli sowal~jogaplar yzygiderli goýulsa has gowy bolardy.
ýüreksözi
03 авг 2022, 19:22
bah halaýanaý şu gepleşik kanalyny hany jogaplar ýokla
Saksofonist
Автор 03 авг 2022, 19:47
senyorita.,
Salam doganym, gowumy ýagdaýlaryňyz, Siz okuwa tabşyrmadyňyzmy? Dugoşlaryň-a tüweleme!
Saksofonist
Автор 03 авг 2022, 19:49
yusupahmet12,
Sowallaram ýöne möne soraglar däl .Şahyr oýlanyşykly jogap bermek isleýändir.

Şeýle bolaýmasa, ýogsa özünden razylygyny alypdym
#динара.
03 авг 2022, 20:47
Massimus daýy sizi görenime öräm şat:)
Dowamly bolsun gepleşigiñizem:)))
#динара.
03 авг 2022, 20:48
Örän*
Senyorita.
03 авг 2022, 21:29
Saksofonist,
Hudaýa şükür gowy men. Özüňizem gowumy agam?! Ýok, men entek öýe gerek, öýde bolmaly. Ýöne geljekde meňem synanyşyp görmek niýetim bar.
Saýtdaşlar tüweleme begenjine şärik etdiler. Çynym bilen begendim.
Saksofonist
Автор 03 авг 2022, 22:22
senyorita.,
Janyňyz sag bolsun, nesip bolsa ýeneki ýyllar talyp bolmak bagty Sizede miýesser etsin!
Aýnur
04 авг 2022, 09:04
Salam Massimus aga! Täze nik açynypsyňyzow, menä şu agamam görnenok diýip ýördüm.. Şeýdip geleweriň bolmasa gyzygam gaçar siziň "gepleşikleriňiz" bolmasa saýtda :)
Venus
04 авг 2022, 11:14
1. Özüm barada gysgaça aýtsam. Ylham Gurbanalyýew. Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje (Ýylanly) etrabyndan. 2000-nji ýyl. Häzirki wagtda talyp. T-ň inžener tehniki we Ulag-kommunikasiýalary institutynda. Öýlenmedik.)
2. Öňkilerden Kerim Gutbannepesow. Gurbannazar Ezizow. Çary Ýegenmyradow we .... täzelerden Sapa Hommadow, Mukam Muhamow.
3. Ikisäm däl. Ýöne nädip ýazýanymam özümem bilemok. " Adym maňa eýe çykdymy, men adyma eýe çykjak bolýanmy? " Şu soraga jogap ýok bolşy ýaly...
4. Kerim Hally... käbir goşgularynda berilýän pikirler-ä gowy. Ýöne ogurlyk adyna eýe çykylanlary bilemsoň känbir höweslenemok.
5. Şahsy durmuşym hakda aýtsam. Ýaşaýan ýerim-ä oba. Şükür ejem, kakam bar. Ejem mugallym. Özümden uly agam bar (gullukda).
6. Saýtdaky goşgy ýazýanlary dogrysyny aýtsam-a okap ýetişemok. Sebäbi köplenç mowzuk paýlaşyp çykýan. 1-nji sahypany gözden geçirip. Iň köp @Pegas agaň mowzuklaryny ünsden düşürmän okaýan.
7. Entek jogabyna tapamok. Diýýäler-ä " Söýgiň nämedigini bilýän adam, entek söýüp gören däldir".
8. Gysgaça öz pikirim. Poeziýa -bu ýaşaýşyň bir bölegi. Poeziýa - bu ümmülmez giňişlik. ( Has kämil jogaplary kämilleşemsoň beräýmesem...)
9. Köpräk täzeçillik dörediň.
10. Düýbünden garşy we ýigrenýän.
11. Her kime özüne baglymyka diýýän. Köpüsi toýdan soňra maşgala, çaga diýip başagaý bolup, söýgini kemeltýär. Köpüsinki kemelen ýaly duýulýar. Başardygyňdan kemeltmeli däl. Mähir-muhabbet hemişede bolmaly.
12. Hawa, arkaýyn görüp bolar. (Käbir lyklarymy kesip aýyrsalar:))
13. @Pegas aga bolaýsyn.
14. Minnetdar. Size-de üstünlik! Şeýle ideaýaly gepleşikler döredýäniňize begenýän. Şowly bolsun!
Saksofonist
Автор 04 авг 2022, 17:24
Mona Songz,
Salam Massimus aga! Täze nik açynypsyňyzow, menä şu agamam görnenok diýip ýördüm.. Şeýdip geleweriň bolmasa gyzygam gaçar siziň "gepleşikleriňiz" bolmasa saýtda :)

Sag boluň, okuwlaryňyzda-da diňe üstünlik arzuw edýän!
Saksofonist
Автор 04 авг 2022, 17:25
Miss_minnosh,
Massimus daýy sizi görenime öräm şat:)
Dowamly bolsun gepleşigiñizem:)))

Menem şat, gowumy işleriňiz
#динара.
04 авг 2022, 22:57
Gowy Hudaýa şükür
Venus
04 авг 2022, 23:44
*käbir lyklarymy
yusupahmet12
05 авг 2022, 00:16
Jogaplar göwnemakul bolupdyr.