Geliň tanyşalyň?! Şadyýan @Ejegyz bilen...

Salam gadyrdanlar! Sag-salamat otyrmysyňyz?! Saýtymyzdaky wagtlaýyn passiwligi aradan aýyrmak üçin şahyrlardan gowy-gowy goşgulara, ýazyjylardan ajaýyp hekaýalara, men ýaly okamagy halaýan agzalary bolsa öňki ýaly aktiwlige çagyrýaryn.
Ine bu günem mähriban saýtymyzyň iň bir reýting derejesi ýokary bolan gepleşigimiziň nobatdaky sanyny Siz ezizler bilen bilelikde dowam edýäris.
Bu günki myhmanymyz saýtyň iň şadyýan agzalarynyň biri, agzalar bilen multfilm gahrymanlarynyň arasyndaky meňzeşligi tapyp bilýän, fantaziýasy ýokary bolan hanym @Ejegyz agza bilen gaty bir ýakyndan bolmasada, tanyşmaga synanyşarys.
Jigimize soragyňyz bolsa ýazyp bilersiňiz, başardygyndan, wagty boldugyndan jogap bermäge synanyşar.
Söhbetdeşligi "Massimus production" reklama merkezi "Sen bolmasaň Senemjan" diýýän ýigitlere, Sen bolmasaň Selimjanam barlygyny ýatlatmak bilen öz işine başlaýar.
Jigimiz taýyn bolsa başlalyň.
Ýör maestro, agzalar ýöräliň!
Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Saýtdaky zenan agzalaryň haýsysynyň niki Size has köp ýaraýar?
3. Ýene-de 5 ýyldan soňky 2027-nji ýyldaky Ejegyzy nähili göz öňüne getirýärsiňiz?
4. Saýtdaky aktiwligi ýokarlandyrmak üçin teklipleriňiz, maslahatlaryňyz?
5. Aýdaly oglanlaryň arasynda klasda 1-nji şef bolmak ugrunda bäsleşik bolýar (Menem kän ýyllap liderligi elimde saklapdym). Klasdaş gyzlaryňyzyň arasynda özüňüzi owadanlyk barada näçinji ýerde goýardyňyz?
6. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
7. Ýanyňyzdaky (eger ýok bolsa hyýalyňyzdaky) şazada barada iki agyz gürrüň beräýiň.
8. Wagty yzyna dolap bolsa häzirki durmuşyňyzdan nämeleri üýtgederdiňiz?
9. Agzalara aýtjak ýürek sözleriňiz?
10. Şu güne çenli alan iň ýatda galyjy sowgadyňyz?
11. Näme üçin gyzlar saglyga zyýanly kosmetika önümlerini köp ulanýarlar? Siz şonsuzam owadana...
12. Haýsy aktrisa ýa-da filmlerdäki haýsy personaža meňzemek isleýäňiz?
13. Durmuşdaky şygaryňyz?
14. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik, durmuş ýoluňyzam rowan, aýdyň, şowlulyklardan doly bolsun!
15. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!
7 лайков 362 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ejegyz.
03 ноя 2022, 23:37
Salam.
1) Meredowa Ejegyz, Lebap welaýat. Köýtendag etrap. 2oo7-nji ýylyň İýun aýynyň ikisinde dünýä indim.
2) @Belki.
3) ...
4) Özi mowzuk açman,iliň açan mowzugynda-da bolgusyz teswirler ýazyp,mowzuk açanlary,mowzuk açanyna puşman etdirýänleriň sany azalsa,gyzykly mowzuklar köpräk açylsa...
5) İkinji.
Ejegyz.
04 ноя 2022, 00:01
7) Degişgen,akylly we mert bolsun.
8) Hiç zat.
9) Ýylgyryň)
10) Klasdaş oglanlaň biri kitap sowgat edipdi. Ogulsenem Taňňyýewa "Kör söýgi"
11) Bu soragyň jogabyny kosmetika önümlerini köp ulanýan,şo gyzlardan soraýmasaňyz)
12) Великолепный век " Хюррем султан"
13) Nähili kyn ýagdaýa düşseňem,geçer. Öňkülerem geçipdi.
Esasy şol kyn ýagdaýlarda hem ýylgyrmagy başar.
Ejegyz.
04 ноя 2022, 00:04
Ýagşy niýetleriňiz,arzuwlaryňyz we ýatlanyňyz üçin köp sagboluň "Massimus production"
Sizede şol arzuwlar,Janyňyz sag bolsun,işleriňizde üstünlik!
Öwreniji
04 ноя 2022, 01:28
Islenen.ru nädip girdiñiz, kim salgy berdi ýada tötänlikdenmi?
Ejegyz.
04 ноя 2022, 07:13
Remezan,
Salam. Talyplar saytda görüpdim ýalňyşmasam
Öwreniji
04 ноя 2022, 07:31
Ejegyz
Remezan,
Salam. Talyplar saytda görüpdim ýalňyşmasam

???
S❤
04 ноя 2022, 11:34
Sen ozune nace bal bererdin. In yokary on
S❤
04 ноя 2022, 11:35
In yokary 10luk
Ozune ynamyn bn denesdursen has gowy bolardy Ejegyz
Belki
04 ноя 2022, 14:19
Bah.Iñ halaýanyñ meñ nikimmi ýa username-mi? Indi hemme zada şübheli garaýandan bolupdyrys :)
Kimdir biriniñ saña dünýäniñ iñ ajaýyp ýatlamalaryny goýup soñam gitjegini bilsediñ,şol kişiniñ durmuşyñda bolmagyny islärmidiñ?
Sizdenbiri.
04 ноя 2022, 14:24
1. Idol şahyryñyz?
2. Klasdaky senden owadan(öýtýäniñ) gyzyñ ýüzüne erbet seredip gördüñmi?)
3. Garfield personaźa islenendäki agzalaryñ haýsysy has ýakyn?
Sizdenbiri.
04 ноя 2022, 14:41
(Menem kän ýyllap liderligi elimde saklapdym)
Menem 7 klasa çenli saklapdym).
S❤
04 ноя 2022, 17:36
Wagtlayyn gelen

7nji klasda-da taze oglan okuwcy gelipdimi))))
Massimus
Автор 04 ноя 2022, 19:02
Xyivenia_babayeva.,
7nji klasda-da taze oglan okuwcy gelipdimi))))

8-nji klasdaky Wandam klasyndan galandyrda
Ejegyz.
04 ноя 2022, 22:45
Belki,
Username däl)
İslärdim. Sebäbini aýdaýynmy?
Ejegyz.
04 ноя 2022, 22:49
Waglaýyn gelen.,
1) Sapa Hommadow.
2) Halamok şony,özünede aýtýan. Gaty suwjuk)
3)Şuwagta kellä hiç kim gelenok)
Belki
05 ноя 2022, 07:07
Ejegyz,aýt sebäbini.
Bellik:Sorag-ýûzlenme jogap talap etmeýän soraglarda goýulýar.
Meselem: Heý,şuñ ýaly binany görüpmidiñ?!
Sizdenbiri.
05 ноя 2022, 23:38
Xyivenia babayeva
Ýok mekdebi täzeledim)
Ahmet
06 ноя 2022, 19:05
Xyivenia_babayeva.
Wagtlayyn gelen

7nji klasda-da taze oglan okuwcy gelipdimi))))

Şonda çyrasyny öçüren bolaýmasa biri :D
(Degişýändirin)
Ahmet
06 ноя 2022, 19:08
Belki
Ejegyz,aýt sebäbini.
Bellik:Sorag-ýûzlenme jogap talap etmeýän soraglarda goýulýar.
Meselem: Heý,şuñ ýaly binany görüpmidiñ?!

Bizä beý diýip öwretmediler jora :)
Ahmet
06 ноя 2022, 19:11
Belent tonda ýüzlenilip berilýän soraglarda sorag-ýüzlenme dyngy belgileri goýulýardy öýdýän. Anyk ýadymda ýok, ýatdan çykyşyp ugrapdyr okan zatlarymyz :)
Lui
15 ноя 2022, 15:50
Ejegyz,
Tanyşanyma şat