Üstünligiň bahasy...

Ewerest dagynyň çür başyna çykan ilkinji müsürli Omar Sümre. Bir gezek onuň bilen bolan duşuşykda Ginnessiň rekordlar kitabyna ýazylan bu batyrgaýlygy we muny başaran ilkinji müsürli hökmünde taryha girmegi bilen gutlap, muňa nähili hötde gelendigini soradym. Ol maňa şu hakykaty äşgär etdi: «Ewerest dagynyň depesine iki hepdede çykdyk, ýöne munuň üçin ilki dört ýyllap tayýarlandyk». Ol göz öňune getirişinden has agyr bolan pursatlar hakda hem gürrüň berdi. Muňa garamazdan, üstünligiň iki ädim bäri ýanynda durkaň, maksatlary hasyl etmekden, doly amala aşyrmakdan saklanmazlyk gerekdi. OI hyýalynda göterip gezen dag belentligine dyrmaşmak meselesinden birjik dänmedi. Üstünligiň bahasyny öňünden töleseň - taýýarlygyň, taýynlygyň we laýyklygyň kämil bolsa, orta ýoldan yza gaýtmak gelşiksiz ahyry.
3 лайков 130 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hickim
25 июл 2022, 20:46
Halallyk kyssalary#