Dünýädäki iň uly aýsberg hereket edip başlady
30 ýyldan gowrak wagt mundan öň Antarktidada şelf buzlugyndan döwlüp aýrylan dünýädäki iň uly aýsberg hereket edip başlady we ýakyn wagtda ýumrulyp biler. Bu barada Britaniýanyň Antarktika gullugyna salgylanyp, ru.euronews.com habar berýär.
Meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan ägirt uly buzluk yklymdan 1986-njy ýylda aýryldy, ýöne onýyllyklaryň dowamynda Ueddell deňzinde hereketsiz saklanypdy.
Aýsbergi herekete getirip bilen sebäpleriň biri hökmünde global maýlama bellenilýär.
Geçen hepdede BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Antarktida baryp gördi. Antarktikadaky deňiz buzunyň meýdany rekord pes derejä ýetdi. BMG-niň ýolbaşçysy ähli ýurtlaryň hökümetlerini global temperaturanyň ösüşini Selsiý boýunça 1,5 derejä çenli çäklendirmek üçin zerur çäreleri görmäge çagyrdy.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.