Dünýäniň iň demirgazyk adasy aýsberg bolup çykdy!

Dünýäniň iň demirgazyk adasy aýsberg boldup çykdy.

Bir wagtlar dünýäniň iň demirgazyk adasy hasaplanýan Arktika adasy aýsberg bolup çykdy. Bu ada bir ýyl ozal Grenlandiýanyň demirgazyk kenarynda Daniýaly we Şweýsariýaly gözlegçiler tarapyndan tapyldy.

Bu ada ýerli dilde "iň demirgazyk ada" diýlip atlandyryldy. Ölçegleri takmynan 30 metrden 60 metre çenli.

2022-nji ýylda sebite täze ekspedisiýa başlandy. Gatnaşanlar buz ýygnadylar we buzuň galyňlygyny we deňiz çuňlugyny kesgitlemek üçin lazer skanerini ulandylar.

Gözlegler, adanyň düýbünde ýapylan ullakan aýsbergdigini görkezdi. Belki bu aýsberg, bir wagtlar buzuň bir bölegi bolupdyr. Aýsbergiň ýokarsy tekiz we aslynda toprak we gaýalar bilen örtülendir. Ýöne bu diňe süýşmeleriň netijesinde emele gelen inçejik gatlak.

Alymlaryň pikiriçe, bu adalar birnäçe ýyllap durnukly ýagdaýyny saklaýan aýsbergler bolup biler. Şu wagta çenli iň demirgazykda tassyklanan ada "Coffee Club" adasydyr.
3 лайков 123 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.