Hytaý ABŞ üçin howp döredýän ýadro suwasty gämisini görkezdi.

Hytaý ABŞ üçin howp döredýän ýadro suwasty gämisini görkezdi.

Hytaýyň Halk azat ediş armiýasy (PLA) Harby deňiz güýçleri düýn, 29-njy sentýabrda, kontinentara ballistik raketalary daşap bilýän iň ösen strategiki ýadro suwasty gämisiniň taslamasy 094A ilkinji gezek wideosyng görkezdi. Bu barada "Günorta Hytaý Morning Post" habar berdi.

Suwasty gämi Russiýa Federasiýasynyň Harby-deňiz güýçleriniň döredilmeginiň 72 ýyllygyna gabat gelýän 2021-nji ýylyň 23-nji aprelinde işe girizildi. JL-3 gaty ýangyçly kontinentara ballistik raketalary 10,000km-den gowrak aralygy geçmäne ukyply. Bu bolsa ABŞ-yň nyşanlaryny ýoklamana ýeterlikdir.

Şol bir wagtyň özünde, Hytaý köp maksatly ýadro suwasty gämisi Taslamasynyň iň soňky wersiýasyny görkezdi. Suwasty gämileriň ikisi-de 16-njy oktýabrda açyljak Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň möhüm 20-nji milli kongresiniň öňüsyrasynda Hytaýyň Merkezi telewideniýesinde “Liaoning” suw asty gämileriniň ekipažynyň taýýarlyklary baradaky repartažy görkezdi. Gazet 094A suwasty gämisiniň kapitany Çan Sýaopeniň hem wideoda peýda bolandygyny ýazýar.
4 лайков 263 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
30 сен 2022, 21:46
Garaz, çaltlandyrjaklar-da nobatdaky jahan urşuny...
MuhammedoV. H.
Автор 30 сен 2022, 21:50
Pegas
Hehe. 3nji jahan urşy bolsa adamzat diri galarmyka?
Aymyrat
30 сен 2022, 21:57
Bah Van Damyn habary yokmyka mundan.
Alfonse
30 сен 2022, 22:00
Hytaýyň zadydyr, alada etmäň!
MuhammedoV. H.
Автор 30 сен 2022, 22:11
Aymyrat 79
hehehe ??
MuhammedoV. H.
Автор 30 сен 2022, 22:17
Narcissus
Hataýy doly tanamaýaň gerek. Olaryň bize satýan zatlaryny nazarda tutma sen, özi üçin ýasany düýbünden başgaça. Hatda gadyp döwürlerdäki legion ýaraglary arbalet, şonyň obnowleniba edile görnüşi: magazinli tiz atýan arbaledi hem hytaý imperiýasy oýlap tapan.
#B.S
30 сен 2022, 22:56
Pegas,
Aýdypdym...
#B.S
30 сен 2022, 22:57
Aymyrat 79,
Jeki Chanyňam habary ýok diýýã :)
Alfonse
30 сен 2022, 23:03
Dobriy_Brat,
Hytaý esgerleri ne uruş, nede ýaraglarynyň söweş meýdanynda synagyny geçirdi. Russiýanyň ýaraglarynyň söweş meýdanynda ýokluga gidişi ýaly, Hytaýyňky hem şeýle bolar. Taýynlyk we tw-de özüňi reklama etmek başga söweş meýdanynda janyňy demiňe alyp uruşmak has başga.
MuhammedoV. H.
Автор 01 окт 2022, 00:31
Narcissus,
Şu söziňe mysal getireýin. Covid hytaýda çykan wagty hiç kimem ony beýle derejä geler öýtmandi. Şonuň uçin seniňem Hytaýyňkam şeýle bolar diýip öňünden çaklan gepiň ýerliksiz boldy. Mümkin uruş açmasa açmaz, belki muny gorkuzmak uçin edendir. Eýran hem ýadro ýaragy bn ABŞ gorkuzyp ýörä şonoň ýaly-da.
MuhammedoV. H.
Автор 01 окт 2022, 00:34
Narcissus,
Ýene bir zat Hytaý harby güýjü Rus we ABŞ döwletlerinden pes däl. Olar san taýdanam köp, ýarag tarapdanam ejiz däldir.
Kerbaba
01 окт 2022, 01:32
Чингиз хана гала йыкйан гураллары( катапульт) ясап беренем шулар. Эгер шулар ясап бермедик болса Чингиз хан бейле дережа етмезди. sowesh
Ependi
01 окт 2022, 02:30
Üýtgeşijek ýarag ýasan bolup, dünýäni aldamak, gorkuzjak bolmak, bu öňden gelýän, biderek, , politiki syýasat, reklama, moda öwrüldi diýseňem boljak..)
Aymyrat
01 окт 2022, 07:24
Vanga aydyp geçipdir 2030da Hytay beyik derjawa bolar diyip. Rossiyañam bellisi bolar bu uruşda.