Bagysla eje

Bagyşla Eje

Arassa geýdirip,saçymy darap,
Ýola çyksam,galdyň yzymdan garap.
Aladalam bilen seň halyň harap,
Agaran saçlaryň sebäbi boldum.

Näme iýjek diýip sözüme uýan,
Özüniň paýyny tabagma guýan.
Gaty nana bokurdagyny gyýan,
Dökülen dişleriň sebäbi boldum.

Ýüiksiz bolsun diýip balalaň egni,
Öziň üçin ýaşamanyňa dogry.
Aslynda men seniň ömrüňe ogry,
Sowulan ýaşlygyň sebäbi boldum.

Çagalary doýurmagyň alada,
Çykarmagyň,öýermegiň alada.
Bagyşla Ejemjan meni ýene-de,
Tükenmez işleriň sebäbi boldum.
1 лайков 68 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Uly Hojaýyn
16 дек 2023, 18:59
Ejelerimiz uzak ýaşasyn!!! Hemme zadynyň sebäbi biz! Sag bol
Myrat
17 дек 2023, 20:43
Gowy goşky.