Menden ýene-de sowremenni sözler

*Garyp diýer syrdaşym, baý diýer oýnaşym.

*Ikimizem bir şäherde. Sen bar men bar, ýöne biz ýok.

*Pul eliň kiri, biz hem şonuň guly.

*Tiz ölmegiň 3 sany syry bar.
1 - çilim çek 40ýylda ölersiň,
2 - arak iç 20ýyldan ölersiň,
3 - seni söýmeýäni söý hergün ölersiň.

*Batyr ölse ady galar, baý ölse - zady.

*Dostuň içi gysanda, söýgüliň içi gysanda - gowmy diýip ýazar.

*Zenan iýdiren iýmitiňden däl, siňdiren söýgüňden doýýar. Çykaran çykdaýjyňa görä däl, beren ünsüňe görä gözelleşýär. Zenan - oňa beren ynamyň bilen ýaşaýar, onuň näçe göwnüne degseňem ol seni bagyşlar, ýöne unutmaz ýüreginde saklar.

*Gülüm bagtly bol özge gujakda,
Ony bir aldama gowja gujakla.

*Hiç wagt unutma, kynçylyklar ömürlik däldir.

*Iň owadan zatlar "M" harpdan başlaýar.
Meselem: "Men"

*Alla oglany köp ýaradypdyr, ýöne erkegi az.

*Bir gezek şowsuz bolmagyň, her gezek şowsuz boljagyňy aňlatmaýar.

Toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv #Perhadik
7 лайков 175 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pretty_girl
18 дек 2023, 23:55
Yetirip durun
Pretty_girl
18 дек 2023, 23:56
Merdan Geldiyew km tanaya?
Perhat Sabirovv
Автор 19 дек 2023, 00:09
Pretty_girl,
Näme zatlar edýär ol şahsyýet
Nazar
19 дек 2023, 00:11
Bir gezek şowsuz bolmagyň, her gezek şowsuz boljagyňy aňlatmaýar.

Ine shu has dogry eken
ýüreksözi
19 дек 2023, 19:29
*Zenan iydiryan iymitinden dal sindiryan mahrinden doyyar

Gaty dogry sag bolun kop kop
TtDžumaýewa
19 дек 2023, 20:55
*Alla oglany köp ýaradypdyr, ýöne erkegi az.
dogry
Perhat Sabirovv
Автор 20 дек 2023, 00:13
FanB,
ýüreksözi,
Džumaýewa,
Pikirler üçin sps