Bilinmeýän gahrymanlar ýa-da namys goran esgerler...

Salam millet!
Gowumy agzalar, myhmanlar, jyklap gidýänler.
Eý, kelleagyry zenan agza ekenä. Aýtmadyňa @Anil Kapur, sen dagy şul ugurdan spes, poçerkinden tanaýan kimiň kimdigini diýip öwünýädiň.
Aý bolýa, ýogsada @Anil seni başga zat üçin bimaza etdim. Bir waka gürrüň berjek, diňle, ýöne hiç kime aýtma, ok.
Birhili, muny saňa nähili aýtjagymam bilemok, öňüräk aýtjakdym ýogsa.
Takmynan 2,3 aýlar öň Türkmenabatdan-Aşgabada otluda gaýtmaly boldum.
Prowodnik biletleri çöpleýär (ýa-da ýygnaýar), biledi ýoklaryň pasportlaryny alýar.
Soň biletsiz münenler pasportlaryny almak üçin baranlarynda hersinden 100 manat (howwa täze puldan, tipa biletsiz äkidenligi üçin) alýan eken.
Satdyň diýmäwer @Anil, wakany düşündirmek üçin şo taýyny aýtmaly bolýan.
Her kim gidip, puluny töläp, pasportyny alyp gelýär prowodnikden. Bir zenan gitdi, derrewem geldi, aglap geldi, şerraýlap aglamasada göz ýaşlary dynanok.
Ýanyndaky biletsiz münen ýene bir ýaşy ulurak zenan mundan näme bolandygyny soraýar, buda aý, ýok diýip otyr.
Ahyryn aýtdyrdy öýdýän gitdi prowodnigiň ýanyna wagony kellä geýip, prowodnigem ýalbarýar, men beý diýmedim, Alla ursun, Hudaý jezamy bersin diýip.
Soň ol zenandan ötünç sorady, Siz meni ýalňyş düşünipsiňiz, bagyşlaň diýip.
Prowodnigiň näme diýenini aýdyp oturmaýyn, düşünensiňle, senem aýdyp oturma.
Bärde bir zenan namysyny gorady, bolmalysam şeýle. Gep edip oturar ýaly zat ýok diýýäňmi.
Belki, sen mamla. Belkide ýok. Belki, ol nätanyş zenan häzir meni okaýandyr, belki ýok. Okaýan bolsa bir namysly zenan hökmünde oňa, buýsanýanlygymy aýdasym gelýär.
Şeýle zenanlara öz ýanymdan at hem goýdum. "Bilinmeýän gahrymanlar".
Blogumy ertir,comdaky zenan agzamyz @emerald ladyň daşary ýurtda okuwa gutaryp Türkmenistana gelýärkä ýazan goşgusynyň ýadyma düşen setirleri bilen jemläsim gelýär.
Kaka, seni ýüzigara etmerin,
Barýar, Watan, namys goran esgeriň!...

Gaty görme @Anil. Hemme prowodniklerem beýle haramzada däldir, hemme zenanlaryňam beýle namysly bolmaýşy ýaly...
11 лайков 355 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Uly Hojaýyn
24 дек 2023, 21:09
Çöpi dik bilinden döwüpsiň, molodes ullakan 5-lik saňa!
Belki
24 дек 2023, 21:10
Derkarmydy bu mowzuk diýesim gelip dur-da... (Aýyplaşmañ, sizi görenime begendim Massimus agam )
Belki
24 дек 2023, 21:13
Aniliñ tanamak ukyby hakda aýtsam, saýta ilki geläýenimde gyzlaryñ maña "Belki aga" diýip aşyk bolan döwürleri zenandygymy añan ilkinji kişi şoldy. Ýogsa, şo wagta çenli bu hakda nygtan ýerimem ýokdy.
Uly Hojaýyn
24 дек 2023, 21:21
Onuň soňky döwür intuisiýasy biraz kütelişen, ýogsada bermejek gyz ýok, sorap bilmeýän erkek köp"
" diýip barýara...
Perhat Sabirovv
24 дек 2023, 23:52
Prowodnikli meselä gelsem gulluga gidip barýan ýaňy esger eşigini geýip welin ejeme duýduraýyn diýip gidýänimi prowidniga haýyş etdim teliň ber diýip nädersiň 5minudyna 50manat diýse:(
Aý nätjek alaç ýok ejemize duýdurmasak
RelaX
25 дек 2023, 01:15
haýsy dalbayob prowodnik biledini gorman wagona mundrip yoray ol 100manat diyaniniz munmakaler hasaplasylyan yalydy ,,,Turkmenabat - Asgabat polna kela geyishlik bolmalyda onda yaa kan adam yoklygyndan sheylemika wagon sanama o diyen kop bolonok ol reyslan 5-6 wagon
Massimus
Автор 25 дек 2023, 06:03
Belki,
Sag boluň, ýogsa-da kelleagyryň gyzdygyny nädip bildiň?
Massimus
Автор 25 дек 2023, 06:17
setdars,
haýsy dalbayob prowodnik biledini gorman wagona mundrip yoray ol 100manat diyaniniz munmakaler hasaplasylyan yalydy ,,,Turkmenabat - Asgabat polna kela geyishlik bolmalyda onda yaa kan adam yoklygyndan sheylemika wagon sanama o diyen kop bolonok ol reyslan 5-6 wagon

Münensoň hasaplaşylýar. Biletsiz münýän gaty köp adam. Diňe Türkmenabat-Aşgabat däl, beýleki reýslerem kellä geýilşik.
Bir Krasnawoda gatnaýana haçan barsaň bilet tapylýa, ol ugra boş ýerler kän.
Daşoguz, Lebap ýa köp syýahat edýär, ýa-da..........
Massimus
Автор 25 дек 2023, 06:20
Perhat Sabirovv,
Prowodnikli meselä gelsem gulluga gidip barýan ýaňy esger eşigini geýip welin ejeme duýduraýyn diýip gidýänimi prowidniga haýyş etdim teliň ber diýip nädersiň 5minudyna 50manat diýse:(
Aý nätjek alaç ýok ejemize duýdurmasak

Ejeňe aýtman gaýdypdyňmy, tüweleme, iliň çagasy bela ýaly, bizä soraşmany öýdenem çykybilemizok:))
Belki
25 дек 2023, 10:50
Massimus, @Kelleagyrygyñ gyzdygyna geñ galdym diýip öñki agzalardan biri-hä aýdýardy. Şonda eşitdim menem.
RelaX
25 дек 2023, 11:43
Massimus,
ýo ony blyan kela geyislikdigini yone ilki pulyny alman salayanok sholan kopsa soñ hasaplasyany shunda eshidip otyrn
Гость
25 дек 2023, 12:09
Men hääli aýdypdym dälmaý "kellagyryk gyz eken" diýip )
DonMaxx
25 дек 2023, 14:55
ya sabr ya sabr
Soho
25 дек 2023, 20:31
Daşoguz sostaw birsalym dile düşüpdi, prowodnikleriň ýanynda 70-80 mln bar eken azyndan...
Jacksparro
26 дек 2023, 19:43
@massimus, salam gowmy brat! ?
Massimus
Автор 26 дек 2023, 23:06
JackSparro,
Gowy, özüň gowumy