Biz garaşsyzlyk ýyllarynda

Biz häzir garaşsyzlyk ýyllarynda. Bu aýydanym inkär edip
bolmaýan hakykat. Garaşsyzlygy bolsa goramaly. Dil bilen,
söz bilen, zähmet bilen, ukybymyz bilen.
Gerek bolsa janymyzy orta goýup. Özümiziň garaşsyzdygymyzy bolsa
dil ujy dälde ýüregimiz bilen duýmaly.
Men ýurdy garaşsyzlyga çykyp bilmän galan daşary ýurtlylaryň
aglaýanlaryny gözüm bilen gördüm. Olar öz ýurtlarynyň garaşsyz
bolmagyny isläp kebap bolan adamlar.
Mysal. Gruziýanyň birwagtky
prezidenti Mihail Saakaşwili Türkmenistana geldi. Halkymyz
hormatlap oňa ýakyn bardy. Şonda ol şeýle diýdi
daşyna üýşen adamlara.
-Siz örän bagtly halk ekeniňiz.Siz aňsatlyk bilen garaşsyz
bolduňyz.
Birbada onuň bu sözleri meniň üçin igençli bolup eşidildi.
Emma soňlugy bilen düşündim. Gruzia garaşsyzlygy alýan pursadynda
özüniň düzüminde bolan Abhaziýany we Günorta Osetiýany
elinden giderdi.Yzyna gaýdyp aljak bolup uruş hem etdi.
Emma bolmady. Gruzia halky häzir hem ahmyrda elinden
gideren ýerleri üçin.
Taryha seretseň öz ýurdyny goran halklar häzirki
döwürde azat erkin ýaşaýarlar. Mysal üçin ewropalylar.
Fransiýa Angliýadan garaşsyzlygy almak üçin ýüz ýyl uruşdy.
Janna Dark diýip eşidensiňiz taryhdan. Bu gyz Fransiýanyň
azatlygy üçin erkek geýmini geýip, özüniň
gyzdygyny bildirmän uzak wagt esger bolup urşan gyz.
Bu gyzy iň soňunda oda ýakyp öldürdiler ýalňyşmasam.
Emma köp ýurtlar garaşsyzlygy uruş bilen hem
alyp bilmediler. Mysal hökmünde Çeçenistany aýytmak bolar.
Şol döwürdäki Çeçenistanyň prezidenti general
Dudaew aýydan.
-Halkymyň üçden biri gyrylan wagtynda ýurdym garaşsyzlyga çyksa
gerek.
Emma görşüňiz ýaly Çeçenistan garaşsyz bolup bilmedi.
GEneral Dudaew bolsa öldürildi. Telefonyna goýulan bombadan.
Haçanda garaşsyzlyk barada gürrüň gidende ilki bilen şu
soraglar ýüze çykýar.
Garaşsyzlyk bize näme berýär?
Bu ullakan manyly sorag we onuň jogaby hem ullakan. Haçanda bu soraga
ullakan edip jogap berseň hem gyzykly hem manyly we hem düşnükli
bolýar.
Bu soraga jogap bermek üçin size bir gowy delili mysal hökmünde
getireýin. Garaňky mazaly düşenden soň meýdan çertegiňiziň
aýryklarynda ýatýan serçe bolýamy ýada gumryny tutyp alyň.
Jakyrryk guş diýilýäni has hem dogry gelýär. Garaňkyda olary
tutmak kyn däl. Emma olary öldürmek üçin däl. Şu berilen soraga
tebigat nähili jogap berýär. ŞUňa düşünmek üçin.
Tutan guşyňyzy ýatýan jaýyňyza göýberiň. Goý ol erkin uçsyn.
Hemde agşamy seniň maýyl tamyňda hezil edip geçirsin.
Emma ol şeýle edermi? Ýok. Ol özi ýaly guşlaryň ýatýan ýerine
ymtylar. Meýdana gitjek bolup özüni aýna, gapa, diwara urar.
Seniň ýumşak ýorganly, iýim-içimli jaýyň bolsa onuň üçin hiç zat däl.
Diýmek, garaşsyzlyk näme eken? Garaşsyzlyk bu öz halkyň
bilen ýüzbe-ýüz bolmak, sözleşmek, dost we garyndaş bolmak.
Iýip-içmek, gülüşmek.Paýlaşmak. Gynanjyňy aýytmak.Peýda görmek.
Gepiň gysgasy garaşsyzlyk bu hemme zat. Bu öýüňe dolanyp gelmek.
Özüňi asmanyň astynda duýmak. Suwa düşmek. Mekdebe baraýan
kiçijik çagalara guwanyp durmak. Özüňe söýgüli gözlemek. Bu ýerde
öýüň bar, maşgalaň, ata-eneň bar.Salam bermek we salam almak.
Eger garaşsyzlyk bolmasa bu zatlar ýok. Amanatda ýaşamak.
Ýurdyň ýoklugy üçin namys etmek. El sermek. Ýüzüňi gyzartmak.
Müjerret geçmek. Kowulmak we iň soňunda hat-habarsyz ölmek.
Ine şu aýydanlarym ykbalyňda ýurdyň garaşsyz bolmasa.
Ine, indi ýurdyň, watanyň we halkyň bar.Diýmek etmäne iş köp.
Mysal üçin, biziň üçin näme işler bar. Bu tükeniksiz köp ýazmak.Ýene
bir hatar taryhymyzy öwrenmeli. Galan-gaçan zatlary çöplemeli,
halka ýetirmeli.Ýogsada men ýazmana täze zatlar gaty köp diýýän.
Taryhy täzeden yzarlamaly. Aýratynam, Türkmenistan SSSR-iň
düzüminde bolan pursadyny.Jikme-jik gözlemeli. Aýdylman galan zatlary.
Türkmenistanyň ruslar tarapyndan basylyp alynyş döwrüri düşünmesi
kyn ýazylan.Az ýazylan. Tä, hemma düşnükli bolýança yzma-yz
köp ýzamaly.Her kimiň öz işi. Haýsy ugurdan ýazsada. Emma ýazmaly.
Esasy zat bu indiki ýazylan zatlaryň hemmesi garaşsyzlygymyza
gulluk etmeli.
Onsoň ýene daşary ýurtlar biz türkmenler barada nämeleri ýazýar.
Şulary anyk bilmeli. Olaryň biz barada bolar-bolgusyz zatlary
ýazmana haky ýok.Bizi kemsitmäne bolsa umuman ýol bermeli däl.
Olaryň biz baradaky aýydýan dogra meňzeş sözlerine bolsa umuman
ynanmaly däl.
Diňe öz görer gözüňe ynanmaly. Aňsadyna bakmaň. Olardan aňsatja
maglumat alýaryn diýip. Olar öz bähbitlerini gözleýär her
halatda. Biz hem. Hem bahbidimizi, hem at-abraýymyzy gözleýäris.
Hazirlikçe şu.
Käbiriňiz maňa düşünmeýänligiňizi aýydýaňyz.Ýaman görmäň
bu az okaýanlygyňyzdan bolaýmasa. Men syýasy dilde
gepleýärin ahyry. Diýmek,
maňa düşünmek üçin syýasatdan köp okamaly.
0 лайков 89 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
10 янв 2024, 03:10
?‍♂️?‍♂️?‍♂️ ýob
#B.S
10 янв 2024, 03:40
Bu mowzuk awtoryň gözleg geçirmezden ýa-da maglumatlary barlamazdan özüçe talap bildirýändigini görkezýär. Gruziýanyň garaşsyzlyk almagy we Abhaziýa we Günorta Osetiýa bilen baglanyşykly gapma-garşylyklar taryhy ýoýulmanyň we düşünişmezligiň çynlakaý mysalydyr. Şuwagt Abhaziýa bilen Günorta Osetiýany Russiýa we bir ki sany ýurt tanaýar. Abhaziýa we Günorta Osetiýa hat-da BMG agzasy hem däl. Galan islendik döwletler Gruziýanyň topragnyň bölünmezligni goldaýar. Dogry, Gruziýa öz territoriýasyny doly dolandyryp bilýän däldir ýöne bu onuň, topragyny doly ýitirdigi, garaşsyzlygy howp astynda diýdigi däl.

Žanna d Arkyň Fransiýanyň garaşsyzlygy üçin göreşendigi baradaky sözler taryhy taýdan nädogry. Žanna d Ark ýüz ýyllyk söweşde Angliýa garşy söweşendigi hakykat, Ýöňe şeýle-de bolsa, bu Fransiýanyň garaşsyzlyk gazanmak üçin däl-de, eýsem özünde bar bolan territoriýasyny gorap saklamak ugrundaky göreşdi. Bu, awtoryň taryhy wakalara düşünmekde we düşündirmekde çynlakaý kemçiliklerini görkezýär.

Çeçenistanda we general Dudaýew bölüminde şuňa meňzeş ýalňyş pikirler bar. Dudaýewiň ölümi we Çeçenistanyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşi has çylşyrymly we gatlakly taryhy bar. Bu çylşyrymlylygy äsgermezlik etmek, awtoryň mowzuga ýüzleý çemeleşýändigini we taryhy çuňluga düşünmekde kynçylyk çekýändigini görkezýär.

Garaşsyzlygy guşuň mysaly bilen kesgitlemek gaty ýönekeý we ýüzleý meňzeşlikdir. Bu, garaşsyzlyk düşünjesiniň köp ölçegli tebigatyna ýeterlik düşünmeýändigini we düşündirmeýändigini görkezýär.

Awtoruň daşary ýurt çeşmelerine aşa şübhelenmegi we diňe öz gözegçiliklerine bil baglamak baradaky maslahaty maglumata tankydy baha bermegiň we oňa dürli nukdaýnazardan garamagyň ähmiýetini äsgermezlik edýär. Bu onuň dar garaýşynyň bardygyny we dürli pikirlere baha bermekde kynçylyk çekýändigini görkezýär.

Netijede, awtoryň okyjylaryň düşüniş derejesini tankytlamagy we özüniň syýasy dil ulanmagyny bahana etmegi täsirli aragatnaşygyň ýoklugyny we dürli garaýyşlara baha berýändigini görkezýär.