Jebraýyl

Wizantiýa ikony (1387-1395/Tretýakow galereýasyndan)


Jebraýyl perişde Allatagalanyň ilkinji dört perişdeleriniň biri bolup ol pygamberlere ''Wahy'', ''Habar'' getirip beripdir.
Dünýäniň dürli dininde we dillerinde Jebraýyl perişdäniň ady dürli-dürli görnüşde bellige alynypdyr:Arapça: جبرائيل,, y
branyça: גַּבְרִיאֵל, 
umynça:Gaḇrīʾēl, l(Ýahweh meniň güýjümdir)
Grekçe: Γαβριήλ, Gabriḗl; 
kybtyça :Ⲅⲁⲃⲣⲓⲏⲗ, Gabriêl; 
Amharca: ገብርኤል, Gabrəʾel; 
Aramice: ܓ݁ܰܒ݂ܪܺܝܐܝܶܠ, Gaḇrīʾēl
B.e.öňki 2000-nji ýyllarda kengan panteonynda ''El'' ýa-da ''Il'' hemme zada Kadyr, ezeli we ebedi, ýer bilen gökdäki hemme zadyň ýeketäk häkimi, hemme zady ýaradan, ýaradyjy, äht edilen Taňry görnüşe eýe bolan başTaňrydy. ''El'' Taňry aramiçe ''Eloh'' ýa-da ''Elaha'' we ybranyça Eloah görnüşde ýazga geçirilen Täze Ähtde ''Eli'' we ''Elohi'' Taňry manyda ulanylan Taňrynyň habarçysy hökmünde Jebraýyl perişde bardy.
Gabriel Kitaby Mukaddesde Taňrynyň güýji hökmünde Taňrynyň işlerini adamlara habar berip ilçilik eden ynsany görnüşinde gelen perişdedir.
Köne Ähtde Jennete seredýän, birinji semanyň häkimi, Taňry bilen ynsany birleşdirýän, Tebigat güýçlerini dolandyrypdyr.
Yslam dininde pygamberlere wahyý getiren Allanyň buýruklaryny we gadagan eden zatlaryny äşgär etmekde wezipelendirilipdir. Jebraýylyň ady Kuranda Ruhul-emin we Ruhul-kuds diýip zikredilendigine ynanylýar. Jebraýyla Namusy-Ekber hem diýlipdir. Jebraýyl a.s. Muhammede s.a.w. Mekke ýakynyndaky Nur dagyndaka ilkinji wahyny getiripdir. Ol wagt şeýle sözler bilen başlapdyr: ''Ýaradan Rebbiň ady bilen oka! Ol ynsany ''Alakdan'' ýaratdy. Oka! Seniň Rebbiň iň jomart bolanydyr. Ol galam bilen ýazmagy öwredendir. Ynsana bilmeýänini öwredendir. (Alak96/1-5)
Jebraýyl perişde esasan Muhammede s.a.w. bir gezek Nur dagyndaky Hira gowagynda, ikinjide Magraçdaky Sidretul muňtehada görnüpdir. Köplenç Muhammet s.a.w gözüne Zyhýeýi Kelbiniň suratynda görnüpdir.
Ýazyjy ogly Ahmet Bijan ''Älemiň syrly täsinlikleri'' atly eserinde bu perişde barada şeýle diýýär:''....Jebrabyla ''Hazyna kuds'' (Mukaddes hazyna), ''Ruhul-kuds'' (Mukaddes ruh), ''Namus ekber'' (Uly namys) we ''Tawus Melaike'' (Perişdeleriň tawusy) diýerler we onuň 600 ganaty bardyr. Bir ýeri heläk etmek islese, heläklär, Jebraýyl mydama öz kürsüsinde oturar.
5 лайков 122 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ozimem bilemok
26 янв 2024, 09:43
jebbuş gowy oglan bolmaly turkoň aşgabatdaky filýalynda dasdawşik bolup işledi