Gyzykly
Men bu dünýäniň gyzyklydygyny aýdyp biljek. Kim gyzykly edýär
bu dünýäni?. Elbetde, ilki bilen kiçijik çagalar.Serediň olara.
Häli entek enesiniň elindäkilere. Kiçijik we eýjejik.
Guşyň çagasy ýaly gözlerini gyrpman seredýärler.Seredýäňde geň
galýaň. Olar şular ýaly kiçijiliginden nähili edip ullakan
adamlar bolýarka diýýäň.
Onsoň mekdebe gidip barýan çagajyklar gyzykly.Gaýydýan wagty däl.
Mekdebe gidýän wagty. Ullakan aladalar bilen gidýärler. Bu halat olaryň
ynamly ýöreýşinden belli. Gaýydanda bolsa ýol ugryna gülüşip
oýnap gaýydýarlar.
Başgada gyzykly zat köp.Ot gorsap işläp ýören daýhanlar hem gyzykly.
Ýada iki ýana waz ýasap adamlary gerekli ýerine gatnap ýören
taksiçiler hem gyzykly.
Örän gyzykly zat köp.
Daşary ýurtlarda bolup duran wakalar hem gyzykly.
Aýratynam rus-ukrain dawa-jenjeli gyzykly. Bütün dünýä geň galyp
seredýärler olara. Nämäni bölüşip bilmeýändiklerine düşünmeýärler.
Kim tarapynda boljagyny bilmeýärler. Goýuň diýip gördüler. Goýmaýarlar.
Şol biri-biri zaýlap ýörler.Olardan ýene biz ganymat. Uruşdan netije
ýokdugyny bilýäris. Ýenede bize göwüni ýetmeýer olaryň. Yza galak
diýýärler bize.Şu etmişlerinden soň olara akylly diýip bolarmy?
Izrail bilen HAMAS hem bir aýlyk ýaraşyga göl çekdi.
Olar hem komediýä goýdular. Biri-biri ölüşip.
Elbetde, bular ýaly gyzykly wakalar bolmasa gowy.
Onuň ornuna salam-helikli, eli-saçakly, eli bäbekli wakalar gyzykly.
Garrylar bir jem bolup gürrüňleşseler gowy.Ýaşlar akylly-başly bolup
hyzmatda dursalar gowy. Gyz-gelinler bir jem bolup, gülüşip
iýmäne bir zat bişirse gyzykly.
Hökümetimiz maslahat edip halka ýeňillikler döretse gowy aýratynam ýeke
elli aýallar üçin.Ýetimler üçin. Inwalidler üçin.
Alymlar kyn işi aňsat etseler gyzykly.
Oglanjyklar güjüklerini yzyna tirkäp ylgasalar gowy.
Gyzjagazlar bolsa gurjak ýasap otyrsa gyzykly.
Bularyň hemmesini ýazga geçirýän ýazyjy-şahyr,
bagşy bolsa ýenede gyzykly.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.