Erkek pişik Twiksiň ölümi

Rossiýada erkek pişik Twiksiň ölümi bilen baglanyşykly jedel
bu ýurdyň iň ýokary hökümet edarasy Döwlet Dumasyna çenli baryp ýetdi.
11 ýanwar güni Twiks Ekaterinburg-Sankt-Peturburg otlysynda eýesi Edgar
Gaýfullin bilen gidip barýarka öz otyran kapasasyndan çykyp, otlynyň
içinde iki ýana ýöräp ugraýar. Otlyda otyran ýolagçylar ony ykmanda
pişikdir öýdüp wagona jogapkär prowodnik (aýal adama) pişige eýelik
etmekligini soraýarlar. Prowodnik
(aýal adam, adyny gözledim emma tapmadym)Twiksi eline alyp, kimiň
pişigi bu diýip otlynyň içindäkilere ýüzlenýär. Bu wagt onuň eýesi
Edgar Gaýfullin uklap ýatan bolaýr we pişigine eýe çykyp bilmeýär.
Twiksiň adyna ýol biledi alynan bolýar. Ýolda ýöremek üçin kanuny
dokumentleri hem bolýar.Iki gezek sorap çykandan soň eýesi
tapylmadyk pişigi prowodnik ony aýnadan meýdana zyňyp göýberýär.
Onuň bu edenini kameralar düşürip alýar. Bu wagt meýdan 30 gradusa
çenli sowuk eken. Twiks garyň üstüne patylap düşýär. Ilibada ol
şu ýerde otyrýar. Onuň otyryşyny kamaralar ýazyp alaýar.
Otly bolsa gidip galýar. Sowuga çydap bilmedik Twiks özüne gaçybatalga
gözläp hereket edip ugrýar we 8 km ýol ýöräp şu ýerde hem doňup hem
açlykdan çen bilen 20-nji ýanwarda ölýär.
Ukudan turan eýesi Edgar pişiginden habar almak üçin onuň
bolmaly kapasasyna seredýär emma ol jaýynda bolmaýar. Eýesi ony
otlynyň içinden gözläp ugraýar. Pişigini ýolagçylardan soraýar.
Olar bolsa pişik prowodnigiň eline berilendigini aýydýarlar. Eýesi
Twiksi sorap baranda prowodnik ony meýdana
zyňandygyny aýydýar. Eýesi pişigini yzyna gaýdyp almak üçin elinde
baryny edýär. Birnäçe hökümet edrsyna ýüz tutýar. Emma ol zyňylan
ýeri bolan Kirow stansiýasyndan tapylmaýar. Eýesi internet
arkaly adamlara, haýwanlary goraýan edaralara haýyş edip kim
Twiksi tapyp gaýtaryp berse 30000 rubl sowgat berjegini hem aýydýar.
Şundan soň Twiksi gözläp tapmana girişýarler. Gözleýänleriň sany
300 adama ýetýär.Bir hepdeden soň 20-nji ýanwar güni
onuň döňup galan meýdini tapýarlar.
Çen bilen ol 19-nji ýanwar güni diri bolan.Twiks demir ýoldan uzaga
gitmändir. Pişik öz eýesini demir ýoldan geler diýip tama edip
ýola seredip otyran bolmaly.
Pişigiň akgyzylsary reňki bolan.
Twiksiň gözlenişi we ölümi bilen dünýäniň köp adamlaryny gyzyklandy.
Twiksiň ölümi bilen baglanyşykly adamlary jenaýata çekmeli diýip
380000 müňden gowurak adam hökümete ýüz tutýar elbetde internet arkaly.
Wagyrdy Possiýanyň Jenaýyty gözleýiş edarasyna baryp ýetýär.
Prowodnik haýwana rehimsizlikde aýyplanýar.
Twikisi meýdana zyňan prowodnigi işinden aýyrýalar.
Twiksiň ölümine gaty köp adamlar gynanjyny bildirýär.
Onuň suratyny çekmekçi bolýanlar tapyldy.
Ol barada goşgy, kitap ýazjaklar hem bar.
Onuň meýdana zyňylan ýeri bolan Kirow şäherinde Twikse bagyşlanyp
Twiksiň heýkelini galdyrmak barada hem karara gelinip başlady.
Şeýdip,biziň gadyrdan pişigimiz Twiks öz ölümi bilen adamlara ýene
bir gezek ýüz tutdy.
-Bizi meýdana zyňmaň. Biz demirden däl. Biz sowukdan, açlykdan,
ýekelikden ölýäs. Biz pişikler adamyň elinde wagtymyz pajarlaýarys,
çünki biz adam bilen bile ýaşaýan jandarlaryň ilkinjisi we öz
eýelerimizi söyýris. Biziň ýekelikden ölüşimiz
söýgümizi subut edýär.
Hawa adamlar ýene bir gezek pişigiňize serediň.
Belki ol siziň mähriňize mätäçdir.
Twiksi hormatlamak üçin bolsa siz hem öz gezegiňizde bir zatlar edip
bilersiňiz. Pişigiňize at goýulmadyk bolsa onuň adyny Twiks diýip
goýup biersiňiz. Pişik gurjagyňyz bolsa ol hem Twiksdir.
Dünýäde örän köp pişik zaýa bolýar. Olaryň düşen kyn günleri barada
köplenç aýdylmaýar. Olaryň ölümi bilen gyzyklanýan hem az.
Emma Twiks bilen beýle bolmady.
Ony adamlaryň arasyna çykan birinji sekundyndan başlap ýatlaýarlar.
Oňa gynanýarlar. Twiksi görmek isleýänler sanardan köp.
Diýmek bu pişikde bir zat bar. Wagty gelende Twiksiň ölümi nämelere
täsir edenigi ýazylar.
3 лайков 335 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mrr
26 янв 2024, 12:54
Dünýäde sowukdan doňup ölýän ýa açlykdan ölýän... birnääçe ynsan çagalary barka bir pişik üçin şunça zat ýazylýan bolsa...
DonMaxx
26 янв 2024, 13:12
is bolday so gotur pisik
noname
26 янв 2024, 13:31
Wapşe edere işleri ýokdurda daşary ýurtlylañ.
#B.S
26 янв 2024, 14:08
Mrr
Dünýäde sowukdan doňup ölýän ýa açlykdan ölýän... birnääçe ynsan çagalary barka bir pişik üçin şunça zat ýazylýan bolsa...

Şoda...
TtDžumaýewa
26 янв 2024, 14:28
bahh 1 pisik ucn sonca goh. Bu yerdakileri gorup name diyerdikaler??....
Гость
28 янв 2024, 13:14
"Palestina-da adam bolup dogulaňdan ýewropa-da pişik bolup dogul"
Nakyl