Ýylgyr

Sen ýylgyr!
Men ýylgyrşyňa suwsadym.
Sen ýylgyr!
Men ýylgyrşyňy küýsedim.

Küýsedim bälçiräp duran gözleriň,
Küýsedim eljiräp guran sözleriň.
Keşbiňi, yşkyňy, ýylgyryşyňy
küýsedim.

“Dünýä gurdum bize —
Kiçijek dünýä,
Ikimiz hem çagalarmyz sygsa bor”
diýemde sen şeýle mylaýym gülýäň.
Bilýäňmi nä, ýöriteläp
Seni güldürmek üçin
Geň zatlardan toslap söz açýanymy?!
Şonda gözleriňden nur saçýanyňy
Bilýäňmi?!
Bilýänsiň.
Sen juda duýgur.
Eger meni bagtly etmek isleseň,
Ýylgyr!..


00:08.  26.01.2024ý.  Aşgabat


Uzuk NOWRUZOWA
4 лайков 73 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Goklors
27 янв 2024, 12:08
Ýalňyşmasam poezýanyň täze stilini ulanypdyr öýdýän. şu täze stile düşünmän geçdim. Şonda-da üstünlik Uzuk dogan
YKBAL
Автор 30 янв 2024, 19:46
Goklors
Ýalňyşmasam poezýanyň täze stilini ulanypdyr öýdýän. şu täze stile düşünmän geçdim. Şonda-da üstünlik Uzuk dogan

Minnetdar