ÝIgrenç diňe ýigrenji döreder

Sözümi nämeden we nähili başlajagyny bilmän durun. Nähili
bolsada birniň göwnüne degmezden başlamaly. Hawa, men aýdypdym, bu
dünýä gözel adamlar bolsa ýaman däl,gowy. Eger bu dünýä ýaman bolanda
oňa ýigrenç sözlerimizi aýdardyk, bu berilen ömüri ýaşamajak
bolup çytalaşrdyk.Elimize düşen adamlary bolsa birini goýman
ýok ederdik. Emma hiç bir gazaply uruş hem adamlary doly gyryp
gutaryp bilmändir.Diýmek, uruşlarda diri galanlar bular
soňuna çenli ýigrenilmedik adamlar. Olary öldürmeli adamlar
öz ýigrenjini bir sebäbe görä soňuna eltip bilmändir.
Mysal üçin iň gazaply mongollar hem hünärmenleri öldürmändirler.
Eger adamzat biri-birini bütünleý soňuna çenli ýigrenen bolsalar
birjikde adam hem galmazdy. Bu aýdanymdan ugur alsaň rehimdar
adamlar hemişede bolan.
Belki olaryň sany az bolandyr emma bolan. Dana adamlar bolan.
Eli açyk adamlar bolan. Ah-wah eden adamlar bolan. Başgada ýene
köp dürli adamlar bolan we adamzat nesili olaryň hasabyna doly
gyrylman gelen.
Indi biz bu döwüre gelip hemme adamlar ýaman diýmegimiz hiç bir
galyba sygmaýar. Eger adamlary uçdantutma ýaman diýsek onda biz
adamzady dütünleý ýigrenýänlerinden bolýarys, şol sanda
özümizi hem, çünki biz öz ýigrenýänlerimize meňzeş adam.
Adam adamy ýigrenýän wagty özüni hem ýigrenýär. Emma ol bu edýänine
düşünmeýär.
Diýeli, gazaply mongol döwüri. Köp aýdylýar mongollar eline
düşen ýesirleri öz ýurdyna gul-gyrnak etmek üçin äkidipdir.
Şularyň içinde siz hem bar diýeli. Al indi seni sürüp ugradylar. Ol
döwürde Mongoliýa pyýada barmak üçin bir aý gerek bolandyr.
Seni ele salan mongol seni öz öýüne eltip mal bakdyrmak niýeti
bar. Ol bu maksadyna ýetmek üçin seni diri eltmeli malynyň
ýanyna. Ýol bolsa bir aý pyýada. Birinjiden sen açlykdan we
suwsyzlykdan ölmeli däl. Munyň üçin seni äkidip barýan mongol seniň
garnyňy doýurmaly. Iknjiden sen sowukdan we keselden ölmeli däl.
Munyň üçin mongol seni geýindirmeli we keselden bejermeli.
Seni sürüp barýan seniň ölmezligiň üçin käbir aladalary etse
diýmek bu rehimdarlygyň alamaty. Ol seni doly ýigrenmeýär. Sen
oňa gerek. Belki sen onuň üçin özüniň ýakynlaryndan hem wajyp
adam bolmagyň mümkin. Şonyň üçin eger sen bu adamdan beter
ýigrenji däl bolsaň özüňe edilen ýagşylygy hem ýatdan çykarma.
Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir ýamanlyga ýagşylyk är
kişiniň işidir diýilen nakyl bar.
Dogry, sen aýdarsyň olaryň haky ýok meni mal ýaly sürüp
äkitmäne we gul etmäne diýersiň. Bu dogry.
Emma dünýäniň ýasalyşy şeýle. Sözde adamlaryň zulum etmäne haky ýok
emma hereketde näme üçindir bu aýdylany başa eltip bolmaýar. Bu ugurda
adamzat ummasyz köp kitap ýazdy, suratlar çekdi, heýkeller goýdy,
halkara edaralar döredildi. Emma barybir zulum diýilýäni
doly togtadyp bolman dur. Eger biziň zamanymyzdan ugur alsaň
zulymy ýok etmeklik üçin Birleşen Milletler Guramasy köp iş edýär.
Şuňa garamazdan häzir hem uruşlar gidip
dur dünýäde, adamlar, aýallar, garrylar we çagalar heläk bolup
dur bu uruşlarda. Gynançly elbetde. Ýöne barybir adamlary ýigrenip
bolanok. Adamlara kömek gerek ýigrenç däl.
Ýigrenç diňe ýigrenji döreder.
Häzirlikçe şu.
1 лайков 39 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.