Kakasynyň ogluna iň soňky wesýeti

Bir adam ogluna:

– Men ölenimde, senden ýekeje haýyşym bar, aýagymyň birine köne jorap geýdirmegi ýatdan çykarma! Wagt geldi, her bir adamyň ykbalyndaky ýaly ölüm onuň hem başyna gedli.

Ol adamy tagtanyň üstünde goýdular, ymam ölüni ýuwup, borjuny ýerine ýetirip başlanda, merhumyň ogly kakasynyň islegini görkezdi:

– Hökman kakama köne jorap geýdirmeli -diýdi.

Ymam:

– Bolmaz, Yslam ýörelgelerine görä, ölüleriň daşyna başga bir zat örtülip bilinmez.

Ýöne ogly ýene-de kakasynyň jorap geýmegini talap edýärdi.

Şol töwerekdäki mollalar ýygnanyp, ölülere jorap geýdirilip geýdirilmejegini ara alyp maslahatlaşyp başladylar. Bu maslahat dowam edýärkä, bir adam girip, merhumyň ogluna hat berdi. Bu haty oglanyň kakasy beripdir, we ölenden soň oňa berilmegini haýyş edipdir. Ogly kakasynyň ýazan hatyny sesli okap başlady:

“Oglum! Görýäňmi, saňa gaty köp mal-mülk goýsam-da, maña jorap geýdirmegi köp görýärler.

Elbetde, bir gün sen hem meniň ýaly ölersiň.

PIKIRIŇI jemle!

Sañada birnäçe metrlik kependen başga zat bermezler.

Size miras goýan baýlygymy dogry sarp ediň! Sebäbi gabyra äkidýän zadyňyz amallaryňyzdan başga zat däldir”

Mollalar öliniñ kependen başga zat bilen geýip bolmajakdygyna karar berdiler, we bu adam hakykatdanam birnäçe metr mata we eden amallary bilen ýeke galdy.

Çeşme: islamipaylasimlar.com
1 лайков 49 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.