Ýagşa ýagşy diýmeli ýaman ýaman

Gowy adama gowy diýmeli ýamana bolsa ýaman diýmeli. Hemmäni bir aýakdan
sürüp bolmaýar. Hemmäni ýämän diýseň adalatsyzlyk bolýar.
Bu dünýäde adalatsyzlyk köp diýip ýanyp-bişýän wagtyňyzda özüňiz
adalatsyzlyga ýol berseňiz bu edeniňize näme diýip bolar. Ikiýüzli,
ýalançy, kezzap, nadan, ogry, alkaş we başga-da köp hili kemsidiji
sözleri aýdarlar seniň adyňa. Birde-ýarymyňyz aýytmagyňyz mümkin
olara jogap hökümnde.
Aýdanda näme bolupdyr. Özleri gepläp özleri goýarlar. Dogy aýydýaň.
Adamlar geplärler goýarlar edil meniň ýaly.
Ine şu belligimiň gutaran wagty meniň hem geplemäni goýan wagtym.
Güni bilen gygyryp bilmerinä bu dünýä adalatsyz diýip.
Onsoňam mümkin däl. Hemme zadyň adalatsyz bolmagy. Köp zatlaryň
adalatsyzlygynyň çägi bar.
Mysal üçin, gije ekiniňize suw tutýaňyz.
Gulagy ýene bir sagatdan beklemeli. Ýogsa ekine suw köp düşer. Ýagdaýyň
şeýle bolmazlygy üçin siz çiliň gyrasyna geçýäňizde urýaňyz ukyny bir
sagatdan turyp gulagy beklärin öýdüp. Emma uklap galýaňyz.
Wagt bir sagat dälde iki sagat geçip gidýär.
Turýaňyz haçanda siziň teýiňize sowuk suw akyp gelende. Görseň atyz
çeňk bolup ýatyr. Köp suwyň düşmeginden ekin guramagy mümkin.
Bu halatda siz suwdan nägile bolýaňyz. Ony aňsyzlykda we adalatsyzlykda
aýyplaýaňyz.
Indi bolsa başga bir halata seredeli. Suw hakykatdanda
adalatlymy ýada ýok!.
Tomusyň gazaply jowzasynda ýap boýuna gelýäňiz suwdan hemaýat gözläp.
Suw bolsa çyrpynyp akyp ýatyr. Suwyň boluşy gel ýanyma diýýän ýaly.
Seni sowadaýyn diýýän ýaly. Yssa çydap bilmän özüňizi suwa oklaýaňyz.
Suwyň salkynlygy we serginligi sizi derrew jana getirýär. Ýüregiňizde
suwa bolan mähir döreýär. Suwa düşýän
halatyňyz ikiňiz dost.Ege çyksa suwyň birwagtky eden ýamanlygy siziň
ýadyňyzdan çykýar.
Şeýleikde bu dünýäde adalatsyzlyk we adalat deňme deň ýöreýär.
Sähel çepe öwrülseň adalatsyzlyk. Sähel saga öwrülseň adalat.
Köp gezek görensiňiz.
Adamlaryň ýolbasy gujaklap ýörenini emma olary ýolbarsyň iýmeýänini.
Emma eşidensiňz hem ýolbarsyň adamy iýenini.
Ine onsoň arada biriňiz şeýleräk ýazdyňyz. Döwlet edaralaryna
barsaň ýüzüňe alaryp seredýärler. Özlerini gopbamsy tutýar işgärler.
Ýogsa olar halka hyzmat etmeli. Güler ýüzli bolmaly.
Bu ýaydýanyňyz dogry ýöne birbada. Ikinji bir halatda şeýle
sorag ýüze çykýar.
Döwlet edaralarynda işleýän adamalar hem şeýle pikirde.
Edara ýüz tutýanlar biziň bilen mylakatly bolmaly diýip,
ýada olar tersine oýlanýandyr öýüdäňmizmi bu ýere dokument
doldurmana gelenler bize herrelmeli diýip.
Diýeli siz kagyz doldurmak üçin edara bardyňyz. Siziň kagyzyňyzy
doldurmaly işgär sizi garaşdyryp goýýarda öz işleri bilen boluberýär.
Birnäçe wagtdan soň siz oňa kagyz dolduryp bermelidgini aýydýaňyz.
Emma ol ýene şol işine güýmenip otyr. Indi siziň kelläňize
şu hili pikirler gelip ugraýar.
1. Işgär meni äsgermeýär.
2. Işgär pul tamakin
Halk arasynda ýaýran iň köp pikir bu. Emma bu pikiri kim döretdi
aslynda. Başlangyjy bolandyra bu hilli pikiriň. Hemmeler bir wagtda
şol bir pikiri kellesine getirip bilmeýärler.
Birmeňzeş pikir gelmegi üçin hemmeler şol bir işiň başynda durmaly.
Elbetde bu pikir bir içigaranyň döreden pikiri.
Emma hemmesi däl.
Güler ýüzli, mylakatly, açyk göwünli, ýüz tutan işiňi derrew we
aňsatja edip berip alkyş alyp otyran işgärler hem bar.
Şonuň üçin hemma ýaman diýmeli däl. Ýagşa ýagşy diýmeli.
Ýogsa adalatsyzlyk bolýar
adamlaryň parhyna barman özüňe ýagşylyk edene ýamanlyk etseň.
Diýmezlik hem ýamanlygyň bir görnüşi.
0 лайков 33 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.