Ak pagtajygym gül pagta
Öz bugdaýymyzyň gytyklygyndan ýanyp-bişip ýörkäm başga bir etraba
märeka gatnaşmaly boldum. Ýolda bu etrabyň bugdaý meýdanynyň
üstünden geldim.Görsem olaryň bugdaýy dolylygyna däne duran eken.
Özäm bitgin, gür bugdaý. Däneleriň dolylygy maşynyň
anasyndan görünip dur. Aralyk on metre golaý. Bu bugdaýy görüp
ýüregim biraz ynjaldy. Eger öz bugdaýym bolmasa
kimde bugdaý biten bolsa olardan satyn alyp saçagy çörekli etmek.
Häzir indi ekerançylyk
barada gürrüň edilende şol gören bugdaýym häli ýadyma düşýär. Ondan
bäri bäş-alty ýyl geçip gitdi.
Pagta barada hem şeýle ýagdaý boldy. Öz pagtamy haşal ot basyp ýatyrka
başga bir ýere myhmançylyga bardym. Öý eýesiniň bäş gektar pagta ýeri
bolup birinji ýygymy tabşyran eken. Bäş gektar ýerde bir düýp haşal
ot ýok. Pagtanyň boýy, düýp sany optimal derejede. Tankyt etmäne gep ýok
Bu gören pagta gözüm gidip galdy. Öz haşal ot basdyran
pagta ýerim üçin öz ýanymdan utanyp gitdim.
Meniň bu aýydýanyma siz hem dogry gelensiňiz. Gowy seredilen
ekerançylyk meýdanlary hem bardyr. Emma ýeri şorlap, içindäki ekini
zordan bir garyşa ýetýän, üstesine seýrek, köp ýeri gögermedik,
şordan ýaňa duzy agaryp ýatan ýerlerede dogry gelensiňiz.
Näme üçin şeýle bolýar?. Şol bir ýurt, şol bir watan, käwagtlar bolsa
şol bir etrap.
Özüme gezek gelende bolsa indiki ýyl bar güýjimi edinip tijendim.
Pagta ýerimi göreldeli etmäne synanyşdym.
Eýýäm şol ýyly bu maksadym başa bardy. Hem arassa sakladym,
hem boý aldym, hem hasyl aldym.
Ýöne indi bu ýyl ikinji ýyly. Meni başga bir ullakan mesele ynjalykdan
gaçyrýar. Bu dizaýn meselesi. Men bu ýerde diňe pagta ýerler barada
aýydýaryn.
Pagta ýerleri komputere salmaly. Mysal üçin fotoşopa.
Pagta ýerlere barýan ýoly, pagta atyza gelýän suw ýabyny, pagta atyzyň
çil gyralaryny fotoşopda işlemeli, çyzmaly we owadanlamaly.
Ýöne bu aýydanym hem az. Pagtanyň özüni hem fotoşopda işläp
bu ýere pagta ekilen bolsada hamala gül ekilen meýdan hökmünde duýgy
galdyrmaly. Meniň bu aýydanymy etmekde ullakan kynçylyk ýok puly
bar adamlar üçin. Häzirlikçe puly barlar etse yz ýanyny
beýlekiler hem alyp götererdi. Ýurdymyzyň gözelligi ep-esli gowulaşardy.
Ýerde işlemekçi bolýanlar köpelerdi. Pagtanyň gözelligi onda
işleýänleriň keýpini götererdi, saglygy diklenen adamlar hem az bolmazdy.
Ekologiýa gowulaşardy. Men bu ýerde
kelläme gelen pikiri aýytdym. Aýytman goýamda öňe gidişlik etmek
isleýän ýok diýerdiňiz. Meniň bu aýydanym ullakan bir täzelik däl.
Landşaft dizaýny irtdeden bäri bar. Sähel hereket etmek bilen
pagtany landşaft dizaýny boýunça şäherleriň ortarysyna çenli ekip
bolýar. Pagta aslynda bägüller maşgalasyna girýär.
Bar bolany şu. Işiňizde üstünlik arzuw edäýrin. Pagtaýny dizýana
geçirmeli diýip bir jogapkär işgäre aýytdym.
Ýöne ol gyzykdymy meniň bu aýydanyma bilmeýärin.
Belki siziň içiňizde bardyr güýçli pagtaçy. Şeýle bolsa oýlanyp
görüň. Synap görüň. Öý-mellek şertinde hem synap bolýar bu aýydanymy.
Dürli reňkli süýüm berýän hem pagta bar diýýärler. Bularyň hemmesini
bir ýere jemläp pagta ekiň.Eden öňe gidişligiňizi hökümete teklip ediň.
Birden bagtyňyz çüwüp gitse döşüňize altyn medal ýada orden
dakarsyňyz. Hökümetimiziň eli açyk Häzirlikçe şu.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.