Ruh halym
• Bu günki ýagdaýlarymam her günki standartlara görä. Ir bilen turanymda özümi edil düşekden däl gabyrdan galan ýaly duýýan. (Käwagt bu bişükürligim nämekä diýýän özüme. Agşam gözüni ýumup azan açyp bilmedikler barka. Agşam ejeli (kakaly) çaga bolup uklap, irden hiç kimsiz ýetim bolanlar barka. Agşam garny doýanyna şükür edip, ertir näme iýmelidigini gaýgy edýänler barka.)
• ýene-de şol irdenki problemalar: hiç zada ýetişmezlik... (Nirä howlukýarkak, hemmämizem barmaly "Şol" ýere. Ömrümiziň ahyryna çenli nämedir bir zada ýetişip bilmän geçerisow)
•Işdäm ýok, haçan görseň gerek wagty ýokdur şolam.
• her gün dabaraly ýagdaýda ertiri garşy alyp öýden çykyp gaýdan, agşamam ýatmaga gelýän. Gysgaça öz öýümiň myhmany men.
•Günde şol bir kasetany çeýnäp, öwrenşipdirin. Durmuşyma täze üýtgeşme goşulsa (ýok goşulmasyn!) ýadyrgaryn.
•Adamlar bilen arama araçäk goýmagy başaramok.Kabirine beter ýüz berýän,käbir gowy adamlara üns beremok,gowy gürleşip bilemok.Degişýän,ýöne kemsidip degişýän.
•Kitap okasym gelenok şu günler. Soňky gezek 2-3 gün öñ okasym gelmän azrak okadym.
•Telefonum elimden gaçdy. Udarnigi döwük-ýenjik boldy. Ýene problema. Täzelemeli. Telefony däl, daşyny.
• gaty göwnüne degip urşasym gelýän adamlar bar, urşyp biljegime göwnüm ýetjek ýaly bolýanda, ýöne ýene-de gorkup goýýan. Netijesinden maşgalam habar tapsa (gödek dilde aýdanymda) "dilinden asylanlardan" bolmagymdan gorkýan.
• uklamak, naharlanmak üçin bellibir wagtym ýok. Käwagt gije 10a galman uklaýan kä gün gije 2-ä çenli sessiz-sebäpsiz oturýan.
• ýagdaýym hiç bir agzany gyzyklandyrmasa-da paýlaşýan. Eleşdirmäň
©Abat Ashyrgeldiyewa

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.