Logiki sorag

Ol öz işine örän ussat ogrudy.Arkasyndan hiç hili yz galdyrmazdan ogurlyk etmäni başarýardy.Onuň eden ogrulyklary mälim we meşhur bolsada,polisiýa hiç hili subutnamalary tapyp bilmezden bialaç galýardy. Günleriň birinde, polisiýa bu ogryny tutmagy başardy.Sud hökümi bilen oňa 9 ýyl möhlet berildi.Türmäniň başlygy onuň işleri bilen tanyşandan soň,ogryny öz ýanyna çagyrdy.
–Beýlede bolup bilermi?!Seni ele salmagyň alajy ýokdy ahyryn-diýip, türme başlygy içýakgyç ýylgyrdy.
–Ýazgydym şeýle eken.Maňlaýa ýazylandan gaçyp bolmajak eken.
–Bilýaňmi?Saňa 9 ýyl berdiler.Men welin saňa bir ýagşylyk etjek.Ýagny,saňa bir tapmaça berjek.Jogabyny tapyp bilseň,9 minudyň içinde boşadyp goýberjek.
–Aý goýa.Meni çaga diýip oýlaýaňyzmy?Jenaýatlarym subut edilen.Sud hökümi çykarylan.Meni bu ýerden boşadyp bilmersiňiz.
–Elimden geler-diýip türme başlygy ynam bilen gürledi.
–Hany aýdyň onda.Ol nähili tapmaça eken?
–Onda eşit.Ol zat hemme öýde diýen ýaly bar.9 harpdan ybarat.Soňky 3 harpy "zor" bilen tamamlanýar.Ýöne ol telewizor däl.
Ogry üçin bu tapmaça gaty ýeňil göründi.
–Bolýar onda kameramda oturan wagtym oýlap size jogabyny aýdaryn.
Başlyk muňa razy boldy.
–Bolýar arkaýyn pikirlenip gör!Oýlanmak üçin öňüňde tutuş 9 ýylyň bar.
  Ogry kamerasyna baryp oýa batdy:"Ol hemme öýde diýen ýaly bar.9 harply söz.Soňky 3 harpy "zor" bilen tamamlanýar.Ýöne telewizor däl.Tehnazor,ribnadzor,kwetnadzora...Ýöne bularyň hiçisi dogry gelenok."     Aňsat ýaly görünen tapmaçaň jogaby gaty kyn bolup çykdy.Ogry her minudyny şu tapmaça barada oýlanyp geçirmäge başlady.Ýöne bu tampaçanyň jogabyny tapyp bilenokdy.Şunlukda aradan 9 ýyl geçip,ogry öz möhletini tamamlap öýüne geldi.Öýüne giren badyna gözi bir zada düşenden ogry birahatlanyp,ýürek agyrysy tutup,özünden gitdi.Tiz kömek ýetip gelýänçä ogry amanadyny tabşyrypdy.Sorag:Ogry öýüne girende nämäni gördi?
3 лайков 283 просмотров
21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
15 фев 2024, 09:25

Diýdimzor

Dowsypat
Автор 15 фев 2024, 09:50

Ol bir janly zat ýa adam däl.

#B.S
15 фев 2024, 10:45

hä? Dogry...

Mrr
15 фев 2024, 11:09

Näme diýjegmi bilmedim menä azajyk golaýladaýmasaň öziň

Dowsypat
Автор 15 фев 2024, 11:17

Näme diýjegmi bilmedim menä azajyk golaýladaýmasaň öziň
  

Obishni hemme oylerde diyen yaly bar su zat.Yone janly zat dal.

 
 
 
 
 
 
 

Nurmuhammet
15 фев 2024, 11:51

Jogaby Termometr. Yone ol hemme oylerde yoga 

Mrr
15 фев 2024, 11:55

  "zor" niresinde indi?

Nurmuhammet
15 фев 2024, 12:13

Wi ola bolanok onda

Jacksparro
15 фев 2024, 12:38

Biderek zatdyrlaý özem şoň jogaby. Pylança manat @Dowsypata, el açanyň şahsyna jogabyny aýtmagam ahmal! ?

Soho
15 фев 2024, 12:54

Pikirlendir:daý...

Mrr
15 фев 2024, 13:02

Logiçni bolsa телевизор diýip rusça ýazsak dogry dälmi?

Meşhur tüýkesme ogrynyň 9 ýyllap bilmedigini bilmedim menä gala berýän.

Kerbaba
15 фев 2024, 13:32

Предмет болжак болса , догруданам наме болуп билер? Телевизор я ш. м. жансыз предмет болмалы болжак болса асыл туркмен созлугинде ек ахырын бейле зат.Башга диллерден гечен аппаратураларын атландырышы болаймаса...

Dowsypat
Автор 15 фев 2024, 15:58

Logiçni bolsa телевизор diýip rusça ýazsak dogry dälmi?

Meşhur tüýkesme ogrynyň 9 ýyllap bilmedigini bilmedim menä gala berýän.


Ogra beren soragynda onuň telewizor däldigini anyk aýdyp dura.

Mrr
15 фев 2024, 19:05

Döwakga öziň aýdaýmasaň bilmedim diýdimä soň

Dowsypat
Автор 15 фев 2024, 19:37

Soragyň jogaby:Telewizor.Bu ýerde türme başlygyň ogra beren soragynyň jogaby soralonok.Ogrynyň öýune girip nâme görenligi soralýar.Ogry öýüne girip telewizory görenden, 9 ýyllap tapyp bilmedik soragy ýadyna düşýär we gaharlanyp,birahatlanyp,ýüreginden tutýar we amanadyny tapşyrýar.Siziň ünsüňiz başlygyň beren soragynda eglenip,esasy soragdan sowuldy.

Kerbaba
15 фев 2024, 19:59

Гаты душнуксиз ,, Поле чудес" болды  бу тапмача?! ,, Хер ойде'' диен ялы бар болса, 9 харпдан гелйан болса, ахыркы 3 харп ЗОР  бн гутарян болса башга совал горненога тапмачанын шертинде???. Мен наме диййан дутар наме диййар дийлени болды.

kakageldi93
15 фев 2024, 20:06

kwadrat kelle oynamana goymansyn sen dos, pikir aylanman, baryp direyan bolmalyda bir çunke. Tapmacany doly oka sonyna cenli, jogaby bilinmeli sorag sonunda berilyar, bolup gecen wakan icindaki soragyn jogabyny bilmeli diyenok awtor??

Гость Uly Hojaýyn
Гость Uly Hojaýyn
15 фев 2024, 20:35

Bu ýerde ullakan syr ýok! Logika tarapdan garasaň, aslynda polisiýanyň naçalnigi bilip durup "telewizordygyny" ýöne şol däl diýip aýtmak bilen, ýylyny oturman türmeden boşadylmajagyny aýdany şol. Emmä şeýle bolansoň, týuremşik onuň "telewizor" däldigine üns bermän, 9 ýyldan soň öýçnde telewizor görensoň ýüreginden tutup ölen bolmagy mümkin!

Mrr
15 фев 2024, 21:11

Eý-waý o nähili beýle bolýa men telewizor diýsemä däl diýdiňiz indem telewizor jogaby diýýaňiz. Onsaňam 9 ýyllap telewizor däl diýen ogry oýünde telewizory görip näme üçin ýüreginden tutupdyr? 

Jacksparro
15 фев 2024, 22:45

 

Hakyky döwüligiňi etdiň öýdýän şu gezeg-ä! ???????

Dowsypat
Автор 16 фев 2024, 08:29

Ogry öýüne girip gören zady telewizor diýeniňizde dogry bolardy.9 harply soňky 3 harpy zor bolan tamçanyň jogaby telewizor däl.Onuň jogaby ýok.Ogrynyň ýurek agyrysynyn tutmagy, telewizory gorende sol sorag yene yadyna dusup gaharlanmagydyr.