Nesihat

Biz Nuh pygamberiň Ýafes atly oglundan örňän nesebli, Muhammed Resully, Mäturidi ynançly, Hanefi mezhebli, Nakyşbendi tarykatly taryhy taýpanyň biridiris. Hat-da biziň gadymdan gelýän Haýdar sypatly, hatym-sahawatly, gapysy açyk garry türkmen diýlen taryhymyz bardyr. Türkmen ýaly ähdine gaýym, sözüne dogry, namysyna pugta, dinine mäkäm taýpa ýokdur diýip aýdylýandyr. Edepli-erkanly, haýaly-şerimli, rehim-şepagatly, sylagly-hormatly, hözürli-muhabbetli, gadyrdan kömekli agzybir ilatdygymyz örän meşhurdyr. Hat-da bir elek bir soky bir oba ýetik bolardy. Bir tamdyr bir syrgyna (köçä) bolardy. Obaň içinde haýsy bir adamda abad eginbaş bolsa şony halan adam geýip giderdi. Maldar adamlar malsyz adamlara mugtuna malyny sagynmana bererdi. Süýt-gatyk satyp pul almak ýokdy. Ýeke elli adamyň işini üýşip (ýowar edip) bir günde bitirerdiler. Hiçkim eýesinden soraman ulanardy, eýeleri hem hiç wagt närazylyk görkezmezdi. Belki hoşal bolardy. Ýaşulylar biýedep ýaş kiçileri ýenjerdiler. Olar hiç wagt el gaýtarmazdy ýa onyň ene-atasy ondan öýke etmezdi. Şonuň ýaly hem kiçiler ula hormat goýardy. Ulylar kiçä rehim ederdi. Garyp-gasar gözlenerdi. Hoja-seýit sylanardy. Ahunlyk mollalyk aňrybaş arzuwlarydy. Uly hazynalary dinleridi. Dinine dil ýetirilse ölmäge taýyn bolardylar. Indi ýagşymyz ýamana döndi. Gowymyz tilkä öwrüldi. Mähir-muhabbet ilatdan aýryldy. Hormat-sylag gaçdy. Aramyza agzalalyk düşdi. Yslam ejizledi. Din ýuwaşady. Ahun-molla ýigrenji boldy. Onuň üçin hiçkim oglanyny şerigat okuwyna bermeýär. Bar beräýsede ogly yhlas bilen okamaýar. Bar okaýsada okaýan ylmyna amal etmeýär. Hat-da sopy sypatynda gezmäge utanýar. Dünýä we ahyrýet düşünjesi bolan ylmy-şerif bu zamanda ullakan ýigrenjilik bolup görünýär. Hat-da sopy öýlenmeli bolanda aňsatlyk bilen gyz tapylmaýar. Emma diplomly juwan öýlenjek bolsa ýerli-ýerden gyzlarny hödürleýärler. Biziň türkmenlerimiz yslama bolan ähmiýeti göterilip uly ähmiýetleri dünýä bolupdyr. Hadysy şerifde:"Ýagny men siziň garyp bolmagyňyzdan gorkmaýaryn, emma men siziň baýamagyňyzdan gorkýaryn" diýlipdir. Ýagny, siz garyp bolmagyňyz sebäpli dini elden bermersiňiz, siz ahyr baýap we bozuklaň yzyna düşip dinden azaşarsyňyz diýipdir. Näme diýip biziň türkmenlerimiz öňki asyrlarda çyndan musulman, çyn  imanly kişilerdi. Emma bu häzirki zamanlarda dinde yza galak bolan. Çünki öňki asyrlarda uly maksatlary dinleridi. Emma bu günki günde arzuwlary dünýäleri boldy. Ýüreklerini dünýä muhabbeti gabap, ahyrýete kör boldy. Emri magruf gulaklaryna ýakmaýar. Wagyz nesihat ýüreklerine ýokmaýar. Beý diýmegimiň sebäbi dünýäni taşlaňda ahyrýede ylgaň diýdigim däl. Beý diýdigim ahyrýet üçin bu dünýäni, bu dünýä üçin ahyrýedi unutmazlyk. Bu zatlary görübem näderini bilmän, umytdan el üzmän:" Zer gadryny zergär biler" diýip jümle ynsana öwüt nesihat bermäge ýüzlendim. Oňa görä öwüdi öz görnüşimize bermäli. Hemme görnüşleri özümizde görüp, ilki özümizi düzetmek gerek. Çünki deri porsasa oňa duz bilen em bermeli. Emma duz porsasa oňa em ýokdyr. Ulamalar ynsanlaryň duzydyr. Ynsanlaryň bozuk häsiýetini ulamalar aýyrmaly. Haçan-da ulamalar bozuk bolsa din ýykyljagna gürriň ýokdyr. Şu nukdaýnazardan ulamalar gaflat ukysyndan oýanmaly. Ýalan dünýäniň azajyk hözirlerine aldanyp ebedi oňşuklygyny ýele bermeli däl. Özleri şähwetiň garaňkylygyndan çykyp halklary aýdyňlyga çagyrmaly. Hiç kimiň ýaşyna, garrysyna garap alyp durmaýanlygyna göz ýetirmeli.
3 лайков 62 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jacksparro
16 фев 2024, 22:12

@Hemedany, Abu Osman Jahiziň ''Türkmenleriň mertebeleri'' kitabyny okap gördüňmi???

Dowsypat
16 фев 2024, 23:03

Halkyň uly bölegi bisowat,hiç ýerde dünýewi bilim berýän ýokary okuw jaýlary ýok,dini bilim berýän medreselerde-de diňe gurplyrak maşgalalaryň çagalary okap bilýär,bizar-petiňi çykarýan yzgider dowam edip duran uruşlar,ondan-oňa göçhä-göçlükleriň bolup durmagy,açlyk,ýeter-ýetmezçilik,ýetimlik,gigiýena arassaçylygyň pesligi sebäpli dürli-dümen keselleriň köp bolmagy,daň atandan tä gün bataryna çenli surnukdyryjy agyr zähmet,baýlaryň zulumy,çäresiz galan halk gündelik iýmiti we eginbaşy üçin maşgalasy bilen baylaryň oýunde gul yaly islemegi...aý garaz ol döwrüňem negatiw taraplary az däldi.

Hemedany
Автор 17 фев 2024, 13:29

Okap gördüm?!