F. Dostoýewskiden gowy sözler
Başgalar üçin özüňizi ýatdan çykaryň, şonda sizi hem ýatlarlar.
***
Birini söýmek diýmek, Ony Ýaradanyň göz öňünde tutuşy ýaly görmek diýmekdir.
***
Zerre ýalyjak etmişim bolmasa-da, birtopar hyýallaryň içine çümüp, özümden etmiş tapan ýerlerim kän boldy.
***
Her betbagtlygyň ardyndan bize ýene durmuş garaşyp ýatyr. Emma ýaşap bilmezlik diýlen zat adama mahsus bir emelsizlik. Ýogsa, meselem aýdaly, balyklaryň içinde özüni asany barmyka, ýa haýsy serçe özüni jaýdan oklapdyr?
***
Ýürek bir sapar syndymy, hiç kime üns bermez, hiç zady piňine almaz. Bu belkem şat günleriň ahyrydyr, emma ýürek ynjalygynyňam başlangyjy.
***
Adam iki ýerde durmuşy manyly hasaplaýar: biri aglan wagty, beýlekisem gülen wagty we diňe birje ýerde zadyň gadryny bilýär; olam elindäkini ýitiren wagty.
***
Adamyň akyly köpeldigisaýy iç gysmasy artar.
***
Bir agajyň öňünden ony söýmän, onuň barlygyndan lezzet alman geçip gidip boljakdygyny akylyma sygdyryp bilemok.
***
Her bir adam her bir kişiniň öňünde her bir zatdan jogapkärdir.
***
Adam bir zada ýetjek bolup jan eder. Oňa eýe bolandan soňam ony bir gyra oklap goýberer. Onuň hakyky gymmatyny bolsa, şol zat elinden gidenden soň bilip galar.
***
Ýalan adamlaryň ruhuna şeýle bir ornapdyr welin, dilimizde “Dogrusyny aýtsam…” diýip başlaýan sözlem bar.
Çeşme: https://kyssahan.blog/2019/11/26/durdane-setirler/

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.