Beýle zatlar hem bolýan eken
Bu gürrüň bermekçi bolýan wakamy haýsy ýurtda we kim bilen boup geçendigini aýdyp bilmeýän. Emma bolup geçdi. Anyk. Daşary ýurtlaryň birinde. Adam hukuklary ösen diýip at berýän ýurdyňyzda. Bu waka bilen bolup geçen wagyrdylar, jedeller meni köp oýalndyrdy. Onsoň bu oý-pikirimi size ýetireýin diýdim. Mundan üç-dört aý ozal atly aktrisa konsert berdi öz ýurdynda. Özüňiz bilýäňiz aktrisalar öz konsertlerinde örän moda geýinýäler, teniniň köp ýeri açyk bolýar. Bu olara mahsus. Ýeke biri däl eýsem hemme aýal-gyz aktrisalar ýeňil geýinýärler. Hususan men özüm olaryň bu ýeňil geýinişlerini tankyt etmekçi däl. Üstesine olar aýal jynsyndan. Biz erkek jynsyndan. Ýöne aktrisalar hem hemişe ýeňil geýinip ýörenoklar. Hawa biz erkekleriň düşünmeli bir wajyp zady bar. Ýagny bize aýallaryň içki dünýäsi mälim däl. Şuny nazarda tutyp aýallar öz ygtyýary bilen ýeňil geýinmäne haky bar diýýän. Diýmek olaryň ruhy ýagdaýy şuňa gabat gelýär. Ondada aktrisalara. Çünki aktrisa bolmak aňsat däl. Şu hili konsertinden soň bu aktrisa bela sataşdy. Ony it masgarasy edip tankyt etdiler. Üns beriň. Bu aýydýanym ewropa ýurtlarynyň birinde bolup geçdi. Ýöne masgara etmek näme üçin şu aktrisa bilen boup geçenine men haýran galýan. Ýogsa beýleki ýarym-ýalaňaç çykyş edenler hem boldy. Emma olara hiç zat diýmediler. Bu aktrisa bolsa jerime saldylar. Ýöne barybir gün bermediler üç-dört aý geçip gitsede. Indi bolany hemmesinden geň. Bu aktrisa gyzyň ýarym ýalaňaç çykyp aýdym aýdanyny şu ýurdyň goranmak ministri, ýurda mental çozmak diýip at berdi. Beýle zatlar hem bolýan ekeni
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.