*****

Hemmäňizem bilýänsiňiz, 1912 ýyl 14 aprela geçilýän gije Angliýa degişli bolan "Titanik" gämisi uly buz bölegi bilen çaknyşyp Atlantik okeanyna gark boldy. Şol wagt gämidäki bir ýarym müň adam suwa gark bolýar.

Geň ýeri, häzirem suwuň aşagyndan gämiň gark bolýandygy hakyndaky howp signaly (S.O.S) her alty ýylda bir gezek iberilýän eken. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu heläkçilik sebäpli örän köp adam ölüp gitdi. Olaryň ruhy iki dünýäň arasynda galanlygy belli. Şeýle bolanlygy üçin ruhlar dirilerden kömek soramaklatyny bes etmedikleri anyk.

Onsoňam, suwuň aşagyndan gelýän howp signaly mistika däl. 1972 ýyl 15 aprel güni Amerikanyň «Теодор Рузвельт» gämisinde aragatnaşykçy wezipesinde işleýän Ллойд Детмер garaşylmadyk ýagdaýda heläkçilik signalyny alýar. Signal ugradan adam "Titanik" gämisi suwa gark bolýandygny aýdyp, yzgider kömek sorap gygyrýar. Lloýd şol wagt signal hakynda ýolbaşçylara habar berýär. Ýöne olar Detmere mundan soň şu signaly kabul etmezligi maslahat berýärler. Aragatnaşykçy Detmer başlyklaryndan bu gepi eşdenden soň gyzyklanmasy hasam artyp, gizlinlik bilen gözlege başlaýar. Harby arhiwleri dörüp, edil şol özüniň kabul eden signalynyň 1918, 1924, 1930, 1936, 1942, 1948 ýyllarda hem kabul edilendigini anyklaýar. Her bir signal alty ýylda bir gezek "Titanik" gämisiniň kapitany Edward Smit tarapyndan ugradylan eken...

Aradan köp wagt geçdi. Geň ýeri, häzir hem her alty ýylda "Titanik" gämisi suwa gark bolan ýerden gämiň kapitany Edward Smit ýerlilere signal iberýär we halas etmeklerini aýdyp ýalbarýar.
1 лайков 85 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Rigel
16 май 2024, 22:56
Birhili inim tikenekledi
DonMaxx
17 май 2024, 13:19
bey bah
Jeni
17 май 2024, 13:37
Name uchin her 6 yyldan
Jeni
17 май 2024, 13:38
Name uchin her 6 yyldan
noname
17 май 2024, 17:33
Ynamasy kyn
ogultach
ogultach
17 май 2024, 21:28
birhili bodumow