Öňki är we öňki aýal
Güýz geldi. Agaçlar ýapragyny altyn sary etdiler olary ýere döküp başlady. Bu gün ol işe ir bilen çykmaly boldy. Awtobusa münmeli. Hemişe işe öz maşynyna gatnardy. Maşyn näme demir bolansoň bir gep tapdy. Onsoň ony ussa berdi. Ussa bolsa maşyn üç günden taýyn bolar ondan bäri gelip otyrma diýdi. Öýünden çykan ýerinde park bar. Parkyň darajyk ýolundan ýöräp awtobus duralga ýol aldy. Ýol ugryna aýalynyň dogulan güni ýadyna düşdi. Bu gün aýalynyň dogulan güni. Ondan habar almasam bolmaz diýdi öz ýanyndan. Üstesine bir bahana bilen ony görmesem bolmaz. Meni taşlap gidenine iki aý boldy.Öýkeläp gitdi. Bu hili bolar öýütmändi. Şu pikirler bilen duralga geldi. Awtobus hem ýetip geldi. Hemmeler işe ýetişmeli. Şonuň üçin adamlar hyryn-dykyn bolup awtobusa ilkinji bolup münmäne çytalaşdylar. Aýagyny awtobusyň girelgesine goýanda ýene hyýalyna aýaly geldi. Olaryň bile ýaşap ýörenine otus üç ýyl bolupdyr. Bu wagt aralygynda iki ýigidi kemala getirdiler. Oglanlary aýry çykyp gitdiler. Ikisiniňem maşgalasy bar. Uly oglunyň üç çagasy bar. Şäheriň gyrasynda ýaşaýar. Kiçi oguly bolsa okuwyy gutaryp uzak ýerleriň birine gitdi. Şol ýerden gyz tapyp öýlenip şonuň ýanynda hem galdy. Şu jaý hem boş durdy.Aýaly şu jaýa göçüp gitdi ony taşlap. Taşlap gidenine eýýäm iki aý bolupdyr. Birdenkä boldy onuň bu edeni. Bir güni zatlaryny bir ýere jemläp taksi çagyrdy. Taksi gelende ol aýalyndan nirä barýaň diýip sorady. Aýaly bolsa men seni taşlap gidýän, indi men seniň gulyň däl. Öz kiriňi özüň ýuw, öz naharyňy özüň bişirip iý. Maňa azar berme diýdide gyssanmaç zatlaryny aldyda haýyt goýdy. Men diňe geňirgenip galdym onuň boluşyna. Otuz üç ýyldan soň hem munyň ýaly ýagdaý bolsa bolyberjek ekeni. Ýolagçy aýallaryň biriniň oňa igenýän sesi geldi. Ol tarapa aýlanyp hoşamaý ýüzli aýala gözi düşdi. Aýal ýylgyryp oňa:- heý erkek men tarapa ýatyp galyberdiň. Meni gysyp weýran etdiň diýdi. Ol bilmändirin diýip göwresini aýaldan daş çekip ýene aýaly bilen bolan ýagdaýy yzarlap ugrady. Bu gün işden soň baraýyn. Hem dogulan güni bilen gutlaýyn hemde öýe gaýdyp gel diýeýin. Göwünini awlamak üçin bolsa hirizantema gülünden satyn alaýyn. Aýalym hrizantemany gülüni gowy görýär. Onuň öz pikiriçe aýalynyň ondan öýkelärlik ýagdaýy ýok. Ol oňa ikilik etmedi. Ýöne şondada öýkeläp gitdi. Ir bilen jaňa etdi oňa. Dogulan güni bilen gutlady. Aýaly sesini çykarman diňledi. Hal-ahwalyny sorady. Aýaly bolsa oňa senden gaýdalym bäri halym has gowy diýip jogap berdi. Hawa, şeýläde meňzeýär. Menden gidenden soň pensiýa çykdy. Internet dukan açdy. Özbaşdak girdeýji tapyp başlady. Sport bilen meşgullanýan boldy. Gözellik salonyna girip özüni owadanlaýan boldy. Ýene şol aýalyň igenýän sesi eşidildi. Oňa ýüzlenip, maňa ýapyşyp galyberdiňizle! Göwräňizi galdyryň. Ol bolýa, bolýa diýdi. Awtobus adamdan doly. Meni sen tarapa gysýarlar, meniň bolsa olara güýjim ýetmeýer. Ýöne ynha tiz düşýän. Onsoň siz arkaýyn ýoluňyzy dowam edibirsiň diýdi. Aýal bolsa ondan soralmasada men ýene iki duralgadan soň düşýän diýdi. Belki söz açmak üçindir emma onuň bar seri aýalynda. Ýene bar pikiri aýalynyň gapydan çykyp ony taşlap gidýän pursady göz öňüne geldi. Ýene onuň men seni taşlap gidýän, senden bizar boldum. Şunça ýyl saňa hyzmat etdim. Emma senden gowy söz eşitmedim. Hemişe öýi dolduryp ülpetleriň bilen iýip-içip otyrdyň. Edenim bilen kanagat etmän diňe igendiň. Indi men öz erkli aýal. Bu erki men özüme özüm berdim. Senden sorap almadym. Indi isledigimçe ýaşaryn. Halan ýerime giderin. Aýaly şeý diýdide ýüklerini alyp taksä basdy we şemal ýaly ýok bolup gidip özünden agyryly ýatlamany galdyrdy oňa. Bu gün giçlik baryp oňa aýydaýyn. Öýe yzyňa gel diýeýin. Ýene şol öňkimiz ýaly ýaşaly diýýeýin. Awtobusdan düşmeli ýeri ýetip geldi. Egilip, bükülip iş edarasyna geldi. Iş gutaryp aýalynyň ýanyna gaýytmana gyssandy. Birden aýaly baradaky pikirleriň manysy üýütgedi. Aýalym maňa indi men seniň aýalyň däl diýýär. Men bolsa oňa häli aýalym diýýän. Muňa nähili düşünmeli. Eger men oňa aýalym diýbersem ýagdaý öňkündende beter ýaramazlaşmaly. Belik ol indi meniň aýalym däldir hakykatdanda. Şuny boýnuma alyp men hem özbaşdak ýaşap ugrasam gowy bolmazmyka. Hä, bu pikir gowy geldi kelläme. Baraýynda anyklaýyn. Belki ol başga birini özüne tapandyr. Şuňa meňzeş pikirler bilen ol giçlige ýetip geldi. Iş gutarany dessine gül dukana bardyda hrizantema güllerini satyn alyp taksi tutyp aýalynyň ýanyna kowdy. Ol baranda aýaly oňa geňirgenip seretdi. Nämä geldiň diýen ýaly etdi. Men seni dogulan günüň bilen gutlamana geldim! Aýaly:-Irden telefonda gutlapdyň ahyry. Gelmek nämä gerek boldy. Şeý diýip bir wagtky äriniň ellerindäki güllere gözi düşdi. –Hä, meniň gowy görýän güllerimi getirdiňmi. Hanha hol ýerdäki küýzä goýda bir çanak suw guý.Men gelýänçäm solmasa gowy bolardy. Gelenimden soň güllere tomaşa ederin. Şeý diýip ýola taýynlanyp ugrady. Ullakan çemodany orta zyňyp zatdan dolduryp başlady. Äri gülleriň işini tertipläp onuň ýanyna geldi we ullakan çemodanyň aýalynyň paty-putylaryndan doluşyna seredip ugrady. Göwnüne aýaly ýene bir ýere gidip barýan ýaly. Indi nirä bärýäň? Aýaly daşary ýurda diýdi. Näme boldy. Näme iş bilen. Aýaly jogap ugryna oňa gatyrgandy. Men saňa aýytdym ahyry. Sen häli gepe doly düşüneňokmy. Şol kejjeligiňi goýaňokmy. Men daşary ýurda gidýän. Men indi halan ýerime gidýän. Men senden aýryldym. Äri:-Hä, başga birini tapansyň? Onda öňki aýaly:-Ýok hiç kimi tapamok. Indi birine äre barar ýaly men akmak däl. Men öň akmak bolan ekenim. Otuz üç ýyl saňa hyzmatkär bolan ekenim. Ondä öňki adamsy:- Ýok beýle diýme. Biziň hem gowy ýaşan günlerimiz boldy ahyry. Biri-birimizi halap durmuş gurdyk. Men seniň aladaňy etdim. Onda öňki aýaly:-Bu zatlaryň hemmesi öň bolupdy. Indi ýöne bolanok. Söýgi döwüri geçdi. Indi meniň öz ýolum bar. Şol halan ýolum bilenem öňe gitjek. Hany göter ýüklerimi. Meni gapa çenli ugrat. Onsoň güm bol meniň ýanymdan. Gaýdyp gelme. Men seniň saýaňy hem görmek islemeýärin. Öňki äri öňki aýlynyň ýüklerini göterip daşary çykardy. Şol wagt hem taksi geldi onuň öňki aýalyyny äkitmäne. Öňki aýaly taksa mündi. Taksi ugrady. Taksi kem-kemden kiçelip gözden gaýyp bolup başlady onuň öňki aýaly bilen. Haçan olar gözden ýitende bolsa öňki är öňküdende beter ýegşerilen ýaly boldywe zordanädimi öňe basdy. Bir özi. Aýalsyz.
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.