Öňde gyzykly mowzuklar ýazylar

Bagşynyň aýdymyny diňlemek üçin diňleýji gerek ýazyjynyň ýazanyny okamak üçin okyjy gerek. Gynansakda bu saýtda indi okyjy galmady. Üç-dört okyjynyň birnäçe günüň dowamynda saýta girmegi bu hiç zat däl. Saýtda gatnaşyk ýok. Saýtyň şu ýagdaýa gelmegine belli adamlar günäkär. Ilki bilen bu adamlar özara ýasama dostluk toparlanmany döretdiler. Bu ýasama dostluk toparyna girenler belli bir adama boýun edilmäne çytalaşyldy. Boýun bolan adam galp laýk goýmana mejbur edildi. Munyň bilen kanagatlanman ýasama galp abraýa eýe bolan adamyň ýazan mowzygyny öwmäne mejbur edildi. Özbaşdak özüne abraý gözlän adam bolsa yzarlandy, onuň ýazan mowzygy masgara edildi. Ine, şu sebäpli hem saýt agzalary dargady. Ýöne men ýagdaýyň şunyň ýaly bolup gutaranyna gynanýan. Kyn bolsada saýty doly taşlap gitmezligiňizi soraýan. Öňde gyzykly mowzuklar ýazylar diýip tama edýärin.
0 лайков 35 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
07 июл 2024, 08:07
2 nji gyz nikden girip 1 nji nikini mowzukda owup yatyr diyanmi ???
Gerceknazar
08 июл 2024, 05:59
Saýt agyr dizaýna geçeli bäri men-ä girip bilemokdym. Saýt näçe ýeňil işlese şonçada gowy. Indi öňki dizaýna gelipdir emma aktiwlik ýok. Aktiwlik bolmasa hiç kimiň giresi gelenok.