Kelläň gyşyk bolsa sebäbini içindäki pikirden gör
Adam hemişede söze mätäç. Elbetde, gowy söze, dogry söze we ýenede magtawly söze. Adam sähelçe eden gowy işi üçin şoňa laýyk magtawly söz isleýär. Mysal üçin, okuwçy. Berilen sapagy ýerine ýetiren okuwçy ýokary baha bilen birlikde magtawly söz bolan berekella, tüweleme, otliçnik ýaly sözleri eşidesi gelýär. Emma adamlaryň bir bölegi umuman başga sözi isleýär. Bu topara dogry sözi we dogry maglumat gerek. Biziň saýt agzalarynyň şu wagta çenli ýazyşynda bolsa dogry söz aýdylman geldi we dogry maglumat berilmän geldi. Eliňdäki sagada seredip wagtyň näçedigini anyklasy gelýän adam internet sahypasyna girip özüne gerekli maglumatlary gözleýär. Mysal üçin, howa maglumatyny. Biziň bu saýtymyza giren internet ulanyjy biziň ýazan sahypalarymyzy okap näme maglumat, ýada näme täzelik ýada soragyna näme jogap alyp bilerdi. Örän az zat alardy. Sebäbi ýazgylarymyzyň hemmesi biri-birine meňzeş manynyň töwereginde döwek döwüp durdy. Ýazýan zatlarymyzda orginallyk ýok, çeper sözlilik hemişede ýetmän gelýär, surat we wideo bilen bezemek az. Ýazgylar kelte. Çukur manyly makala ýok. Gözýetmi giňeltmek üçin hiç zat edilmeýär. Döwrümizi we ýaşaýyşymyzy dogry suratlandyrjak bolup çytalaşýan jurnälist tipli ýazyjymyz ýok. Öwülmeli däl zatlar öwülýär. Käwagtlar bolsa saýtda sögüşme gidýär. Elbetde sögüşmeli ýerde adam durmaz. Saýty dargatmajak bolsaňyz ellbetde çynyň bilen işlemeli, çynyň bilen ýazmaly. Adamlar döwrümize düşünmek isleýär. Diýmek ýazyjy-şahyr şu ugyrdan hereket etmeli. Döwrümiz barada ýazmaly. Howaýy sözlerden gaça durmaly. Çünki adamlar bu wagt gyssag. Jogaby şolbada isleýär. Jogap bolsa taýyn bolmaly sende. Örän köp adamlar nädogry maglumatlary öz kellesinde göterip ýörler. Olaryň bu hili nädogry maglumatlary göterip ýörenine bolsa bu nädogry maglumatlary ýazan adamlar günäkär. Bu nädogry maglumatlar bolsa kem-kemden bizi iýýär we kiçeldýär. Biziň abraýymyz peselýär. Bizi işe almaýarlar. Bize töleg tölemeýärler. Ýazan başga adam zyýan çekýän bolsa biz. Häzirlikçe hoş wagtyňyz. Dowamy bar. Indiki mowzukda
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.